14/10/2026
65
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hünärmenleri bilen okuw-amaly maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda hyzmatdaşlygyň platformasy, IV tapgyr” atly okuw-amaly maslahaty geçirildi. Ol BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara bilermeni Anait Sambatýanyň gatnaşmagynda geçirildi.
Okuw-amaly maslahata institutymyzyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Halkara bilermen öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, halkara guramalaryň çäklerindäki işjeň gatnaşygy babatynda giňişleýin maglumatlary gürrüň berdi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda “Dialog – parahatçylygyň kepili” ýörelgesine berk eýerýändigini belledi.
Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň maksatnamalaryna goşan goşandy, şol sanda Ösüş maksatnamasynda (UNDP) alnyp barylýan işleri, howpsuzlyk, energetika we ulag meselelerindäki halkara başlangyçlary aýratyn nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň köptaraplaýyn gepleşikleriň ilerledilmegindäki diplomatik başlangyçlarynyň ähmiýeti bellendi.
Bu okuw-amaly maslahatda BMG bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada öz pikirlerini paýlaşan halkara bilermeniň çykyşy talyplaryň arasynda uly gyzyklanma eýe boldy.
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby