09/04/2025
414
“BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY” ATLY ONLAÝN YLMY SEMINARY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
guramagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip
atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň
dabaralanmasy” atly onlaýn ylmy seminary geçirildi. Bu seminara ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Ylmy seminaryň dowamynda çykyş edenler şu ýylyň 21-nji martynda
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde kabul edilen
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ähmiýeti hem-de
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylymyzda bu
ajaýyp wakanyň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy, şeýle hem hemişelik
Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy bilen özboluşly
sazlaşmagynyň taryhy ähmiýete eýedigini buýsançly nygtadylar.
Ýurdumyzyň bitaraplygynyň hukuk esaslary döwletara hyzmatdaşlygyny
ýola goýmakda, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegiň hem-de oňyn goňşuçylyk
gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde iňňän ýokary baha mynasyp
boldy.
Mariýa GOWOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI