02/05/2025
398
«Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary» atly brifing
2025-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň
merkezinde Arkadag şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy mynasybetli
«Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary» atly brifing geçirildi. Ol
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi
bilen bilelikde guraldy. Brifinge Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
talyplary bilen bilelikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem
gatnaşdylar. Metbugat maslahatynda çykyşlara giň orun berlip, söz sözlänlere bu
iri forumyň geçirilmeginiň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda
alnyp barylýan işleriň gerimi dogrusynda çärä gatnaşýan ýokary okuw
mekdepleriniň talyplary tarapyndan birnäçe soraglar berildi. Galyberse-de, şeýle iri
çäreleriň ýurdumyzda geçirilmeginiň biziň ykdysady kuwwatymyza ýetirýän
oňaýly täsiri dogrusynda-da aýratyn nygtaldy. Çäre ýatda galyjy wakalara baý
bolmak bilen, onda ýerine ýetirilen çykyşlar myhmanlar tarapyndan gyzgyn
elçarpyşmalar bilen garşylandy.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI