22/10/2026
100
BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOL
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dünýäniň dürli künjeklerinde olimpiýadalara, gysga görnüşli okuwlara, duşuşyklara gatnaşan talyplaryň saparlarynyň jemlerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Onda çykyş eden talyplar degişli döwürde daşary ýurtlara guralan dürli saparlaryň ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, durmuş-ykdysady hem-de ylmy-tehniki ösüşi üpjün etmegiň, şol sanda döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýratyn bellediler.
Maslahatyň dowamynda talyplar dünýä derejesinde öwrenen maglumatlaryny slaýdlaryň üsti bilen gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Mekanguly ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby