12/07/2025
261
BILIM ULGAMYNDA «EMELI AŇY» ULANMAK BOÝUNÇA SANLY ULGAM ARKALY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 12-nji iýulynda bilim ulgamynda «emeli aňyň» tutýan ornuny we mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji we 4-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Mährijemal Mämedowa alyp bardy. Mugallym ilki bilen, emeli aňyň etikasy, onuň dil bilimlerini öwrenmekde berýän mümkinçilikleri, emeli aň tehnologiýalarynyň bilim ulgamyna edýän täsiri barada gürrüň berdi.
Okuw sapagynda emeli aňyň ykdysadyýetdäki möhüm orny barada hem bellenilip geçildi. Has takygy, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürleriň emeli aň esasly tehnologiýalary ulanmak arkaly geljekde üstünlik gazanmagyň möhüm şerti, onuň bäsdeşligi artyrmaga bolan ukyplylygy dogrusynda edilen gürrüňler ykdysatçy talyplar üçin örän täsirli boldy. Şeýle hem sapagyň dowamynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary B.Sadullaýewiň we Ý.Öwezowyň emeli aňyň artykmaçlyklary we kemçilikleri dogrusynda eden çykyşlary talyp deň-duşlarynda täze maglumatlar bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik döretdi.
Sanjar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň III ýyl talyby