24/04/2025
691
“BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI” BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.
Oňa institutyň talyp ýigitleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň barşynda ýaryşyň birinji şertine laýyklykda talyp yigitler özleriniň hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyşlarda beýan etdiler.
Ýaryşyň ikinji şerti boýunça öz başarnygyna görä “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly bilen baglanyşykly özleriniň sungata we döredijilige bolan ukyplaryny görkezmekde bäsleşdiler. Olar türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik ýaly häsiýetleri açyp görkezmek ugrunda janly ses bilen aýdym aýtdylar, saz çaldylar, sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň üçünji şertine görä gerçek ýigitler ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçegi adyna Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Umyt Amandurdyýew mynasyp boldy. Şeýle hem bäsleşikde I orna Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Serdar Ýazjumaýew, II orna Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Azat Nobatgeldiýew, III orna bolsa Halkara hukugy fakultetniň 1-nji ýyl talyby Maksat Alymbaýew mynasyp boldular.
Ýaryşda ýeňiş gazanan talyp ýigitlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Täçmahal ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI