444
«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI
2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Ýeňiş güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşan talyplar bäsleşigiň birinji şertinde öz saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler. Ikinji şertde talyp ýigitler özleriniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň soňky şertine görä, talyp ýigitler degişme sahnasyny görkezmek bilen, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar. Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşikde ýeňiş gazanan gerçek ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Hususan-da, bu bäsleşige işjeň gatnaşyp eziz Watanymyzy wasp edýän aýdymlary janly sesde ýerine ýetirmekde şirin owazy bilen aýratyn tapawutlanandygy üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Umyt Amandurdyýew “Owazly ýigit” diýen Hormat hata mynasyp boldy.
Şanazar ÖWLIÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI