14/05/2026
40
Belgiýaly žurnalist Derýa Soýsal bilen okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türki ýurtlaryň taryhyny öwreniji, belgiýaly belli žurnalist Derýa Soýsal institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary bilen ýörite okuw sapagyny geçirdi. Diplomatiýa we žurnalistika temasyna degişli bolan bu duşuşykda häzirki zaman mediasynyň dünýä syýasatyndaky orny we taryhy maglumatlaryň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi.
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen belgiýaly žurnalist öz çykyşynda žurnalistikanyň halklaryň arasynda medeni we diplomatik köpri bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtady. Şeýle hem türki halklaryň umumy taryhy mirasyny dünýä jemgyýetçiligine dogry we ylmy esasda ýetirmegiň geljekki žurnalistler üçin möhüm wezipedigi bellenildi. Myhman özüniň baý tejribesine salgylanyp, Ýewropanyň media gurşawynda halkara wakalaryna baha bermegiň aýratynlyklary hem-de diplomatik kadalaryň žurnalistikadaky ähmiýeti barada gyzykly maglumatlary paýlaşdy.
Sapak özara söhbetdeşlik we sorag-jogap görnüşinde dowam etdi. Talyplar halkara maglumat giňişliginde işleýän žurnalistiň hünär ussatlygy, taryhy çeşmeler bilen işlemegiň ýollary we halkara habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Şeýle okuw sapaklarynyň geçirilmegi geljekki halkaraçy hünärmenleriň dünýägaraýşyny giňeltmekde we halkara tejribesini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Gülnara MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby