02/03/2026
406
BAÝRAMÇYLYK DUŞUŞYGY
2026-njy ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ilkinji Zenanlar we ilkinji Ýaşlar guramalarynyň “Miras” teleradioýaýlymy bilen bilelikde guramaklarynda “Mähir siňen – mirasym” ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy guraldy.
Halkara Zenanlar gününiň öň ýanynda guralan bu aýdym-sazly duşuşygyň dowamynda mugallymlar Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy, ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde berkarar Watanymyzda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler dogrusynda belläp geçdiler.
Aýdym-sazly duşuşygyň dowamynda institutyň çeper höwesjeňler toparynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar has-da täsirli boldy.
Dabaraly duşuşygyň dowamynda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde berkarar Watanymyzda alnyp barylýan işleri, durmuşa geçirilýän özgertmeleri, şeýle-de türkmen zenanlaryna goýulýan sarpa üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar we hoşallyk sözleri ýaňlandy.
Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.