
30/11/-0001
712
AÝDYM-SAZLY, TÄSIRLI DÖREDIJILIK AGŞAMY
2022-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýetçilik guramalary, Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagy tarapyndan zeminde parahatçylygy, hoşniýetli dost-doganlygy, täzelenişi we tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli “Nowruz geldi ilime” atly aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi. Oňa institutyň aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeňleri we döredijilik bilen içgin gyzyklanýan talyp gyzlary gatnaşdylar.
Döredijilik agşamynda çykyş edenler adamzadyň iň gadymy baýramy bolan Nowruz baýramynyň taryhy, aýratynlygy, onuň özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň etdiler. Şeýle-de Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary ýaşyl ýaşaýşyň, ýaşlygyň ýarany bolan bahar paslynyň, gözel tebigatyň waspyny ýetirýän, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň miras galdyran ajaýyp goşgularyny joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Duşuşykda edilen gyzykly çykyşlar, ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI