Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • «ÝAŞ DIPLOMATLAR» YLMY GURNAGYNYŇ GURAMAGYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II ÝARYM FINAL OÝNY
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ I ÝARYM FINAL OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Makalalar / "Awaza – 2023" atly halkara tans we folklor festiwalynyň ähmiýetine bagyşlanan okuw sapagy
    "Awaza – 2023" atly halkara tans we folklor festiwalynyň ähmiýetine bagyşlanan okuw sapagy surady
    04/07/2023

    998

    "Awaza – 2023" atly halkara tans we folklor festiwalynyň ähmiýetine bagyşlanan okuw sapagy

    2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 13-16-njy iyun aralygynda dowam eden “Awaza – 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň ähmiýeti barada okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň uly mugallymy Mährijemal Mämmedowa institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünärinde okaýan talyplar bilen bilelikde geçdi. Festiwalyň birinji gününiň meýilnamasyna laýyklykda, ilki bilen oňa gatnaşyjy folklor we tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýasy hemmelerde uly täsir galdyrandygy, halkara festiwala ýurdumyzyň birnäçe tans we folklor toparlary bilen birlikde, Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki» rus tans topary, Gazagystanyň «Jorga» we «Aktau sazy» halk folklor toparlary, Täjigistanyň «Lola» tans we folklor topary, Rumyniýanyň «Transilwaniýa» folklor topary, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Riwaýat», Eýranyň «Zendegi Mazandaran» tans we aýdym-saz topary, Hindistanyň «Bihu» folklor we tans topary, Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk mekdebiniň tans topary, Özbegistanyň «Parwoz» hem-de «Bogdon» halk aýdym we tans toparlarynyň gatnaşandygy barada, şeýle-de, medeni çäräniň çäklerinde «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, festiwala gatnaşýan türkmenistanly hem-de daşary ýurtly tans we folklor toparlarynyň konsertiniň, daşary ýurtly tans goýujylaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygynyň we ussatlyk sapaklarynyň geçirilendigi, şeýle-de myhmanlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrylmagy we Awaza derýasynda edilen gämili gezelenjiň täsiri hakynda gürrüňler edildi. Ýokary derejede geçirilen halkara festiwalyň ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň ösmegine uly ýardam etjekdigi barada bellenilmegi bilen okuw sapagy jemlenildi.

    1. BATYROWA ŞEKER,
    2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    3. Halkara gatnaşyklary institutynyň
    4. Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMEN-AWSTRIÝA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR surady

    21/04/2026

    TÜRKMEN-AWSTRIÝA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
    Новая веха в стратегическом диалоге Туркменистана и Китая surady

    20/04/2026

    Новая веха в стратегическом диалоге Туркменистана и Китая
    BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY: ÄHLUMUMY SAGLYGYŇ GORAGYNDA surady

    16/04/2026

    BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY: ÄHLUMUMY SAGLYGYŇ GORAGYNDA
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI