23/04/2025
648
AŞGABAT ŞÄHERINDE MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ II HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 131-nji
orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep
okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Bolgariýa
Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Nepal Federatiw Demokratik
Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň,
Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Täjigistan
Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Pakistan Yslam
Respublikasynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, şeýle
hem Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi
231-si, şeýle hem açylyş dabarasyna takyk bilim ugry boýunça ýurdumyzyň ussat
mugallymlary bilen bir hatarda, ady agzalan ýurtlardan gelen mugallymlaryň 52-si
gatnaşdy.
Bu halkara olimpiada gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetler halkymyzyň
myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Watanymyzyň ýokary
döredijilik ruhuny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk
ýörelgelerimizi wasp edýän aýdym-sazlar bolsa açylyş dabarasyna özboluşly
baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabarada türkmen dilinde hem-de bäsleşige
gatnaşyjy döwletleriň dillerinde ýaňlanan aýdymlar sungatyň dilinde halklaryň
arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy berkitmäge çagyryşyň belent nusgasy
bolup ýaňlandy. Mekdebiň binasynyň eýwanynda bilim ulgamynda ýetilen
sepgitler, mekdep durmuşy we okuwçy ýaşlaryň üstünlikleri, taslama-döredijilik
işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlary, kitaplar
bilen tanyşdyrýan özboluşly sergi hem guraldy. Halkara ders olimpiadasynyň
açylyş dabarasynda çykyş eden dostlukly ýurtlaryň wekilleri bildirilen
myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň
üpjün edilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ders bäsleşigine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen wekiliýetler
üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Şoňa görä-de, günüň ikinji
ýarymynda olimpiada gatnaşyjy myhmanlar ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp
ýerlerinde, aýratyn hem, «Ylham» seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlert sirkinde
bolup, wagtlaryny gyzykly geçirdiler.
Şeýlelikde, mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasy
2025-nji ýylyň 26-njy apreline çenli öz işini dowam eder.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI