Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / 2022-NJI ÝYLYŇ "HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY" DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT
    2022-NJI ÝYLYŇ "HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY" DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT surady
    30/11/-0001

    1252

    2022-NJI ÝYLYŇ "HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY" DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT

    2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygarynyň hem-de ýörite nyşanynyň tassyklanylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, hormatly Ilçiler, Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew we prorektory G.Ýusupowa, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew çykyş edip, halkymyzyň täze ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibiniň tassyklanylandygy hakyndaky habaryň tutuş ilimiz bilen bir hatarda, milli diplomatiýa ulgamymyzyň işgärleri tarapyndan hem uly ruhubelentlik bilen kabul edilendigini nygtadylar.
    Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň beýanydyr hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyzy has-da eşretli durmuşda ýaşatmak ugrundaky giň gerimli işlerini, amala aşyrýan ählitaraplaýyn özgertmelerini hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny giňden wagyz etmekden ybaratdyr.
    Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde hem-de dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň has-da dabaralanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýdyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda milli diplomatiýamyzyň täze şöhratly işlere we beýik özgertmelere beslenjekdigini nygtadylar.

    ALTYN MAGTYMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Goşmaça habarlary şu ýerde okap bilersiňiz.
    https://turkmenportal.com/tm/blog/42916/tdimnin-halkara-gatnashyklary-institutynda-2022nji-yylyn-shygaryna-bagyshlanan-maslahat-gechirildi 

    Soňky täzelikler

    “INNOWASIÝALAR, PARAHATÇYLYK, DURNUKLY ÖSÜŞ”  ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT surady

    12/06/2025

    “INNOWASIÝALAR, PARAHATÇYLYK, DURNUKLY ÖSÜŞ” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT
    Onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi surady

    11/06/2025

    Onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi
    SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY surady

    15/05/2025

    SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI