438
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň, “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň guramagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň başynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda talyp ýaşlarymyza sungat we döredijilik äleminde öz ukyp-başarnyklaryny görkezmeklik üçin zerur bolan şertleriň döredilýändigini, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalaryň edilýändigini buýsanç bilen belläp, bäsleşige gatnaşýan talyplara we halypa mugallymlara şowlulyk arzuw edildi.
Emin agzalary talyp ýaşlaryň surat eserlerinde ulanan reňkleri, onuň many-mazmuny bilen tanyş boldular. Dürli reňkler bilen ýerine ýetirilen surat eserleri, talyplaryň sungat dünýäsine täsin başdan geçirmeleri bagyş eýledi. Şeýle çäreler talyplaryň döredijilik ukybynyň, sungat älemindäki dünýägaraýyşlarynyň ösmegine uly şertleri döredýär.
Bäsleşigiň ahyrynda has tapawutlanan talyplara Halkara hukugy fakultetiniň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Begmuhammet ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI