Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
        • BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 11-nji iýul – Bütindünýä ilat güni
    11-nji iýul – Bütindünýä ilat güni surady
    12/07/2023

    1800

    11-nji iýul – Bütindünýä ilat güni

    Bu sene BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjy Geňeşi tarapyndan 1989-njy ýylda döredilip, hut şu günüň saýlanylmagynyň sebäbi, 1987-nji ýylyň 11-nji iýulynda dünýä ilatynyň bäş milliard adama ýeten takmynan senesi bilen baglanyşyklydyr. Dünýä ilatynyň 49,7 göterimini zenanlar emele getirýär. Has adalatly, çydamly we dowamly dünýäni döretmek üçin gender deňligini ösdürmek zerurdyr. Şol sebäpden 2023-nji ýylyň mowzugy: "Jyns taýdan deňligiň güýjüni açmak hem-de dünýäniň çäksiz mümkinçiliklerini açmak üçin zenanlaryň seslerini ýokarlandyrmak" diýlip atlandyryldy. Bütindünýä ilat güni, maşgalany meýilleşdirmegiň ähmiýeti, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygy, adam hukuklary ýaly ilatyň dürli meseleleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bellenilýär. Dünýä ilaty her 14 aýda takmynan 100 million köpelýär. 2016-njy ýylyň 6-njy fewralynda 7,400,000,000-e, 2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde bolsa dünýä ilaty 7,500,000,000-e barabar boldy. Bu görkeziji 2019-njy ýylda 7,700,000,000-e ýetipdir. Häzirki wagtda dünýäde şäherleşmek ýokary derejede ösýär. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň takmynan 66 göterimi şäherlerde ýaşar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 17 – 27-si aralygynda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygar astynda ilat ýazuwy geçirilipdi. Bu dabaraly çärä gatnaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika Komissiýasyndan we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasyndan alty sany tehniki geňeşçiden ybarat topar ýokary derejeli we tehniki ýygnaklaryň birnäçesini geçirdi. Nobatdaky geçirilen bu ilat ýazuwy Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlara laýyklykda milli strategiki meýilnamalary we syýasatlary düzmäge, hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary babatdaky öňegidişlikleri ölçermäge ýardam berjek maglumatlary döretmäge, ýaýratmaga we ulanmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi. Ilat ýazuwynda ilatyň sanyndan başga-da ilatyň demografiki, geografiki, ykdysady, etno-medeni aýratynlyklary, bilim derejesi, ilatyň saglyk ýagdaýy hem-de ýaşaýyş şertleri barada maglumat ýygnalýar. Bu jemgyýetiň düzümindäki üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berýän ilatyň sany we aýratynlyklary barada iň täze maglumatlary almak üçin zerurdyr. Her ýazuwyň netijesi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin maksatnamalary işläp düzmekde maglumat binýady bolup durýar. 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy Türkmenistanda geçirilen ilkinji sanly ýazuw boldy.

    Arslan SYÝAHATOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    31-nji maý –Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni surady

    25/05/2026

    31-nji maý –Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni
    HALKARA ÝAGTYLYK GÜNI surady

    16/05/2026

    HALKARA ÝAGTYLYK GÜNI
    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI surady

    08/05/2026

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI