
29/04/2025
923
Zähmeti goramagyň Bütindünýä güni
Her ýylyň aprel aýynyň 28-ne dünýäde giňden bellenilýän Zähmeti Goramagyň Bütindünýä güni – zähmetde howpsuzlygy we sagdynlygy üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekýän halkara senedir. Bu gün ilkinji gezek resmi taýdan 2003-nji ýylda Halkara Zähmet Guramasy (ILO) tarapyndan yglan edildi. Şeýle-de bolsa, onuň taryhy kökleri has irki döwürlere — 1970-nji ýylyň 28-nji apreline, ýagny ABŞ-da "Workers’ Memorial Day" atly başlangyja uzap gidýär. Netijede, bu sene dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni zähmet goragyna çekýän halkara derejeli çäreleriň möhüm bir bölegine öwrüldi.
Statistiki maglumatlara görä, dünýäde her ýyl 2.7 milliondan gowrak adam zähmet bilen baglanyşykly hadysalaryň netijesinde heläk bolýar. Şeýle-de, milliardlarça işgär howply iş şertlerinde işleýär. Bu ýagdaý diňe bir adam saglygyna howp salman, eýsem, ykdysady ösüşe hem düýpli täsir edýär. Şonuň üçin zähmeti goramak meselesi diňe bir işgärleriň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň, döwletleriň we halkara guramalaryň hem jogapkärçilikli çemeleşmeli ugry bolup durýar.
Iş ýerlerinde fiziki we psihologik howpsuzlyk şertleriniň üpjün edilmegi, işgärleriň ýörite taýýarlykdan geçirilmegi, tehniki serişdeleriň ygtybarlylygy, gorag enjamlarynyň doly üpjün edilmegi zähmet goragynyň esasy talaplarydyr. Şeýle şertler diňe bir işgärleri goramak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň öndürijiligini ýokarlandyrýar.
Häzirki wagtda gurluşyk, senagat, ulag, oba hojalygy ýaly pudaklarda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, işgärleriň iş şertlerini gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülen bu çäreler ýurdumyzyň ykdysady ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Nurana ARNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.