16/04/2025
575
ÝAŞ WAGYZÇYLAR BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzda şu ýylyň 4–8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçjek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan ýaş wagyzçylar gatnaşdy. Okuw sapagyny «Türkmen logistika» assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Sapa Gurbanberdiýew alyp baryp, ol Türkmenistan döwletimiziň dünýä yklymlarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşmegi bilen halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýändigini belläp, globallaşma şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag-logistika geçelgeleriniň sebitiň ykdysadyýetine ýetirýän täsiri dogrusynda gürrüň berdi.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.