25/11/2026
30
Merkezi Aziýa — Azerbaýjan: ulag ulgamynda giň gözýetimler
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň halkara ulag ýollarynyň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ylmy taýdan öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýe bolan bu çäre gymmatly pikirleri we tejribä esaslanýan garaýyşlary öz içine aldy. Bellenilişi ýaly, geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän Merkezi Aziýa sebitinde ulag mümkinçiliklerini ösdürmäge, üstaşyr ýük dolanyşygyny amala aşyrmaga, şeýle-de bu ulgamyň üsti bilen ykdysady üstünlikleri gazanmaga ähli şertler bar. Bu bolsa taryhy kökleri, edim-gylymlary, däp-dessurlary, dili birek-biregiňkä ýakyn bolan ýurtlarymyzyň bilelikde iş alyp barmagy netijesinde hasyl bolýar.
Dostlukly ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň çykyşlarynda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň halkara ulag ulgamyndaky ornuny berkitmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ilerletmek, Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa ugrunyň ähmiýetini artdyrmak ýaly meseleler öz beýanyny tapdy. Şeýle-de ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmatdaşlyk taslamalarynyň täze görnüşlerini durmuşa geçirmek we halkara ýük daşamalaryň netijeliligini artdyrmak boýunça hem dürli pikirler orta atyldy.
Hormatly Prezidentimiz Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda möhüm logistika we energetika merkezleri hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjanyň sebitleýin, halkara işlerdäki artýan ornuny bellemek bilen, şunda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika arabaglanyşygyny döretmek baradaky gepleşikleri we hereketleri işjeňleşdirmek, olara doly derejeli mazmun bermegiň wajypdygyny nygtady. Bu babatda Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa geçelgesiniň esasy orun eýelemelidigine, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Hazarýaka döwletler hökmünde özara hyzmatdaşlygy bu taslamalara tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, şeýle-de beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip biljekdigine üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz 15-nji oktýabrda Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde eden çykyşynda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň kuwwatyny has netijeli peýdalanmagyň, logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Maslahatda edilen çykyşlarda bu başlangyçlaryň ähmiýeti baradaky pikirler öz beýanyny tapdy. Bu çäre bilen ugurdaşlykda guralan sergi hem forumyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu gözden geçirişde türkmen alymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanan taslamalar serginiň mazmunyny düzdi. Onda, hususan-da, ulag-aragatnaşyk, energetika, ekologiýa we sanly ulgam pudaklaryna degişli kitaplar, žurnallar, suratlar, sungat eserleri hem-de maketler orun aldy.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti, 25.11.2026 ý.
Последние новости
21/11/2026
Ýagşylyk dünýäni özgerdýär