28/07/2026
551
MERKEZI AZIÝANYŇ GEOSYÝASY WE GEOYKDYSADY MÜMKINÇILIKLERI
Amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýa taryhyň dowamynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup geldi we şeýle bolmagynda-da galýar. Ilki bilen, Merkezi Aziýa sebitiniň geoykdysady ýerleşişine üns bereliň. Demirgazykdan günorta 4,2 müň kilometr, günbatardan gündogara 5,6 müň kilometr giňişlige uzap gidýän Merkezi Aziýanyň ilaty häzirki wagtda 75 milliondan geçýär. Demirgazykda Altaý, Saýan daglaryndan başlap, günortada Gimalaý daglaryna çenli aralykda ýerleşen şeýle ägirt uly giňişlikde tebigy şertleriň bardygyny bellemek gerekdir. Şonuň üçin-de, sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir.
Merkezi Aziýanyň ägirt uly mümkinçilikleri taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen açylypdyr. Owalynda mazmun bir bolup, diňe görnüşi üýtgänsoň bu ýoly döwrebap görnüşde dikeltmek arkaly dünýäniň ünsüni özümizde jemläp bileris. Mysala ýüzlensek, häzirki döwürde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary: «Merkezi Aziýa — Hytaý», «Merkezi Aziýa — Russiýa», «Merkezi Aziýa — ABŞ», «Merkezi Aziýa — Germaniýa», «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň», «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi», «Merkezi Aziýa — Italiýa», «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammitlerinde, şeýle-de «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, «Merkezi Aziýa+1» formatly dünýäniň birnäçe döwletleri, sebitleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durnukly syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şu jähetden alanymyzda, şol ösen syýasy, ykdysady we ruhy medeniýeti häzirki wagtda has-da kämilleşdirmäge, onuň üsti bilen Merkezi Aziýany güýçli we çalt depginler bilen ösýän, geljegi uly bolan durnukly ykdysady sebitlere goşmaga bizde ähli mümkinçiliklerdir artykmaçlyklar bar. Aslynda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň döredilmegi 1998-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde bolan duşuşygynyň çäklerinde taryhy jähetden ugur alypdy. Bu duşuşyklar dogrusynda gysgaça durup geçeliň.
Birinji duşuşyk 2018-nji ýylyň 15-nji martynda iş duşuşygy görnüşinde Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Onuň gün tertibini sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri düzdi.
Ikinji duşuşyk 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edilip, Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynda nobatdaky möhüm tapgyr alamatlandyryldy.
Üçünji duşuşyk 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, has takygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi we sebitde bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda hem-de çeýe täsir etmek mümkinçiliklerine seredildi.
Dördünji duşuşyk 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilip, onuň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Bäşinji duşuşyk 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilip, onuň dowamynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Şeýle-de Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşyga we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň işleri boýunça milli utgaşdyryjy geňeşi hakynda Düzgünnama gol çekildi.
Altynjy duşuşyk 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilip, onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasy, 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi.
Ýedinji duşuşyk 2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilip, onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi. Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylda täze — «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler.
Görşümiz ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň dünýäniň dürli yklymlaryna ýakyn, ösen ykdysady merkezleriň aralygynda ýerleşmekleri olaryň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, dokma pudaklarynda, himiýa senagatynda durnukly daşary ykdysady ösüşi ösdürmäge şert döredýär.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 27.07.2026 ý.
Последние новости
04/08/2026
Halkara hukugyň kadalaryna eýerip
01/08/2026
YNSAN SAGLYGY — DÖWLETIMIZIŇ BAŞ ALADASY
28/07/2026
Döwletlilik pelsepesiniň beýany