
06/05/2025
724
HALKARA SÖWDA WE HYZMATLAR: bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap
Täze taryhy döwürde durmuş-ykdysady özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklarynyň gurallarynyň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy Diýarymyzyň ykdysady taýdan galkynmagyna getirdi. Munuň özi işewürligi guramagyň, hyzmatlary hödürlemegiň häzirki zaman usullary ulanylýan içerki söwdanyň depginli ösüşinde öz beýanyny tapyp, bu babatda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy.
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, bu sergä ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli sergä we halkara foruma gowy derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem- de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, şu gezekki forum ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde söwda we hyzmatlar ulgamyna uly ornuň degişlidigini nobatdaky gezek görkezer.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň, konsepsiýalaryň we meýilnamalaryň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginlerde maýa goýumlar bilen üpjün edilýär. Bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde, ykdysadyýetiň hususy bölegini depginli ösdürmekde döwlet derejesinde goldawlar berlip, ýokary netijeler gazanylýar. Şunda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildiren taraplaryň arasynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän, bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň hem bardygyny nygtamak gerek.
Şeýlelikde, bu forum söwda ulgamynyň ösüşine, harytlaryň elektron dolanyşygy, döwrebap hyzmatlar ulgamy we beýleki ugurlarda gazanylýan netijelere, milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine, hususy önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçiliklerine, halkara hyzmatdaşlykda gazanylanlara baha bermäge mümkinçilik döreder.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.