Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Makalalar / Zemin mukaddesligi
    Zemin mukaddesligi surady
    09/09/2024

    1357

    Zemin mukaddesligi

    Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde dostlukly döwletiň Prezidenti Milli Liderimize pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi. Bu kitabyň pars dilinde neşir edilmegi halkymyzda, aýratyn hem, ýaşlarymyzda çäksiz buýsanç döretdi. Şu mynasybetli 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly maslahat geçirilip, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
    Dabaraly maslahata ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik, bilim işgärleri, talyp ýaşlar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Ene — Zemin mukaddesligi» atly edebi-sazly kompozisiýa görkezildi.
    Çykyş edenler türkmen halkyny, hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyň pars diline terjime edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu kitapda giňişleýin beýan edilýän ene mukaddesliginiň, Milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň zenanlarymyz üçin nusgalykdygyny nygtadylar.
    Dabaraly maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň, estrada aýdymçylarynyň şowhunly çykyşlaryna hem giňden orun berildi. Ýaňlanan aýdym-sazlarda mähriban enelerimiz, eziz Watanymyz, milli gymmatlyklarymyz wasp edildi.
    Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

    Bakydurdy GARAÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Watan».

    Çeşme: «Watan» gazeti - 07.09.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/5/articles/162114

    Soňky täzelikler

    ТУРКМЕНИСТАН И ВСЕМИРНАЯ ТАМОЖЕННАЯ ОРГАНИЗАЦИЯ: НАДЁЖНОЕ ПАРТНЕРСТВО В ИНТЕРЕСАХ ГЛОБАЛЬНОЙ ТОРГОВЛИ surady

    27/02/2026

    ТУРКМЕНИСТАН И ВСЕМИРНАЯ ТАМОЖЕННАЯ ОРГАНИЗАЦИЯ: НАДЁЖНОЕ ПАРТНЕРСТВО В ИНТЕРЕСАХ ГЛОБАЛЬНОЙ ТОРГОВЛИ
    Матч, вписавший золотые буквы в историю спорта и объединивший две культуры surady

    23/02/2026

    Матч, вписавший золотые буквы в историю спорта и объединивший две культуры
    DIPLOMATIÝA — YNAMYŇ WE PAÝHASYŇ BEÝIK SUNGATY surady

    20/02/2026

    DIPLOMATIÝA — YNAMYŇ WE PAÝHASYŇ BEÝIK SUNGATY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI