Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Habarlar / ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
    13/09/2023

    1749

    ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT

    Halkymyzyň milli mirasy jemgyýetimiziň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň, uzak heňňamlaryň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda buýsanjymyzdan, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyza goýulýan belent sarpadan ugur alyp, 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine «Ýürek mähri siňen sungat» ady bilen gezelenç gurady. Gezelenje Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar.
    Bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseri — Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesi, öz elleri bilen ören ýüň joraby, mähriban Enäniň on barmagynyň hünärinden dörän alajalary we alaja örülýän guraly talyp gyzlarda uly täsir galdyrdy.
    1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen ajaýyp kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, kürtäniň merkezinden çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda «1971 ýyl» diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir.
    Türkmen halkynyň milli mirasy, zenanlarymyzyň ajaýyp el işleri bilen ýaýbaňlandyrylan kaşaň muzeý ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Gezelenje gatnaşyjylar kümüş saçly enelerimizi, baýdak boýly gyz-gelinlerimizi maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde mukaddes Tugumyzyň derejesinde hormatlaýan, milli medeniýetimizi dünýä möçberinde dabaralandyrýan, ýurdumyzy rowaçlyklaryň täze belentliklerine ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

    Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi surady

    10/03/2026

    Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi
    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI. surady

    06/03/2026

    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI.
    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    04/03/2026

    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI