Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ýaş terjimeçileriň döredijilik bäsleşigi
    Ýaş terjimeçileriň döredijilik bäsleşigi
    Ýaş terjimeçileriň döredijilik bäsleşigi
    Ýaş terjimeçileriň döredijilik bäsleşigi
    Ýaş terjimeçileriň döredijilik bäsleşigi
    11/02/2025

    1521

    Ýaş terjimeçileriň döredijilik bäsleşigi

    2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de institutymyzyň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen «Dünýä dilleri ― dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
    Degişli şertlere laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar dünýä meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan bir parçany türkmen diline terjime edip, bäsleşige hödürlediler. Döredijilik bäsleşigine ýaş terjimeçileriň 100-den gowragy gatnaşyp, olar iňlis, rus, arap, koreý, nemes, italýan, türk edebiýatyndan parçalary türkmen diline terjime etdiler. Munuň özi ýaş nesilleriň dünýä edebiýatyna, şol sanda daşary ýurt dillerine bolan höwesleriniň uludygyny görkezýär.
    Bäsleşige hödürlenen eserleriň hiline, terjimeçilik ussatlygyna we mazmunyna baha berlip, eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi. Şeýlelikde, ýaş terjimeçileriň 30-sy döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Gunça Hamedowa, Ogulnar Orazmyradowa, Nurgeldi Ataýew, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Aýlar Nedirowa, Şyhdurdy Şyhyýew, Ýazjeren Tirkişowa, şeýle hem Halkara hukugy fakultetiniň talyby Kadyrmyrat Öwezgylyjow bäsleşikde ýeňiş gazandylar. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
    Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda şeýle döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi terjimeçilik sungatyny ösdürmäge, ýaşlaryň dil baýlygyny hem-de daşary ýurt dillerine bolan höwesini ýokarlandyrmaga, olaryň dil sowatlylygyny, dünýä edebiýatyna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga ýardam edýär.

    Göwher TAHYROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi surady

    10/03/2026

    Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi
    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI. surady

    06/03/2026

    «PARFIÝA IMPERIÝASYNYŇ DIPLOMATIÝASY WE OLARYŇ DIPLOMATIK DÄPLERI, ŞEÝLE-DE NUSAÝDA ATŞYNASLYK SUNGATYNYŇ ÖSÜŞI» ATLY TEMA BOÝUNÇA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI.
    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    04/03/2026

    «TALYP GÖZELI – 2026» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI