Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • WORLD DAY TO COMBAT DESERTIFICATION AND DROUGH
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • Sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk barha giňeýär
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / ÝAŞ DIPLOMATLAR BILEN DUŞUŞYK
    ÝAŞ DIPLOMATLAR BILEN DUŞUŞYK
    ÝAŞ DIPLOMATLAR BILEN DUŞUŞYK
    ÝAŞ DIPLOMATLAR BILEN DUŞUŞYK
    ÝAŞ DIPLOMATLAR BILEN DUŞUŞYK
    26/06/2025

    96

    ÝAŞ DIPLOMATLAR BILEN DUŞUŞYK

    2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýaş diplomatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşdy. Duşuşyga türkmen diplomatlary bilen bilelikde türkmen we rus žurnalistleri hem gatnaşdylar.

    Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolup, bu ugurda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini 18 ― 21-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde üstünlikli geçirilen Peterburg halkara ykdysady forumy hem ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň ýurdumyza nobatdaky resmi saparynyň hem şeýle çäreleriň üstüni ýetirip, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-da berkitjekdigini bellemek gerek. Duşuşygyň dowamynda halkara giňişlikde Bitaraplyk syýasatyny amal edýän ýurdumyz bilen ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmek, geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen mümkinçiliklerini ýerlikli ulanmak dogrusynda-da gürrüň edilip, bu babatda derwaýys pikirler orta atyldy.

    Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň çykyşynda belleýşi ýaly, Russiýa Federasiýasy Merkezi Aziýa döwletleri bilen syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn gatnaşyklary alyp barýar. Merkezi Aziýa ýurdy hökmünde Türkmenistany hem dostlukly döwletimiz ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Muny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylmagy bilen hem delillendirip bolar. Bellenilişi ýaly, şu ýylda Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu Ýeňiş doganlyk halklaryň gaýduwsyz ýigitleri bilen bilelikde gazanyldy. Adalatsyzlyga garşy göreşen merdanlaryň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem bardygyny Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy nygtady.

    Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygy üç gezek ykrar edilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy sanly tehnologiýalar, medeniýet, ylym-bilim ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu gatnaşyklara soňky ýyllarda has-da işjeň häsiýet mahsus bolýar. Ýeri gelende bellesek, şeýle gatnaşyklaryň arasynda parlament diplomatiýasyna-da möhüm orun degişlidir. Bu ugurda birnäçe parlamentara gepleşikler hem geçirildi. Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry hem-de A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi hereket edýär. Galyberse-de, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hyzmatdaşlyk etmegi ýurtlarymyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda kämil hünärmenleriň ýetişdirilmeginde örän ähmiýetlidir.

    Duşuşygyň esasy mazmuny parahatçylyga, howpsuzlyga, birek-birege ynanyşmaga bagyşlanyp, şeýle işleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň eýeleýän orny barada bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar dostlukly döwletiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna birnäçe sowallar bilen ýüzlendiler. Bir söz bilen aýdylanda bu duşuşyk ýaş diplomatlaryň kämil hünärmenler bolup daşary ýurtlarda öz döwletine mynasyp wekilçilik etmeklerinde möhüm tejribe boldy.


    Baýnazar BAÝHANOW.

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bilim geljegiň berk binýady surady

    26/06/2025

    Bilim geljegiň berk binýady
    Крупный успех туркменских каратистов surady

    23/06/2025

    Крупный успех туркменских каратистов
    Üstünlikli geçen halkara ýaryş surady

    20/06/2025

    Üstünlikli geçen halkara ýaryş
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI