Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Makalalar / Wysal bolan arzuw
    Wysal bolan arzuw surady
    30/11/-0001

    1166

    Wysal bolan arzuw

    Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýaş ýüregimden çykýan çäksiz sagbolsunymy aýtmak isleýärin. Çünki Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowamat dowam tapýan bagtyýar döwrümizde maňa özümiň iň uly arzuwymyň wysalyna ýetmek — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi.

    Men kiçiligimden bäri bilim dünýäsinde üzňe bolman, kitaby iň ýakyn dost tutunyp, ürç edip okamagy halaýardym. Başlangyç synplarda geçirilýän dürli bäsleşiklerde işjeň çykyş edip, öňdäki orunlara mynasyp bolmak özüme bolan ynamy berkidipdi. Çagalar üçin niýetlenen «Güneş» žurnalynda özümiň goşgularym, hekaýalarym we terjimelerim bilen yzygiderli çykyş edip durýardym. Kitap dünýäsine içgin aralaşmagym, bilime bolan teşneligim maňa her ýylda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň şäher tapgyrlarynda üstünlik gazanmagyma uly ýardam berdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň «Altyn Göreç» okuw merkezi bilen bilelikde guran «Zehin Bäsleşigi» bäsleşiginde II orundan paýly boldum. Mundan başga-da, halkara internet olimpiadalarydyr taslama bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmak meniň bilim dünýäsine bolan höwesimi has-da artdyrdy. Dünýä dillerini has çuň öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzda hereket etýän okuw merkezlerinde goşmaça bilim aldym. Wagt tapdygym Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp, halkymyzyň hyzmatynda bolan kitaphanalarda Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan syzylyp çykan dürdäne kitaplaryny ürç edip okaýardym. Şeýlelikde ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, diplomat bolmak arzuwyny ýüregime düwdüm. Ynha, bu gün Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ýylda bu arzuwymyň wysal tapmagyna ýardam etjek mukaddes bilim ojagynyň talyby boldum. Nesip bolsa, geljekde ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny mynasyp goramak üçin kämil halkaraçy hünärmen bolup ýetişmek ugrunda yhlasymy gaýgyrmaryn.


    Berdigylyç ÝAZMYRADOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ТУРКМЕНИСТАН И ВСЕМИРНАЯ ТАМОЖЕННАЯ ОРГАНИЗАЦИЯ: НАДЁЖНОЕ ПАРТНЕРСТВО В ИНТЕРЕСАХ ГЛОБАЛЬНОЙ ТОРГОВЛИ surady

    27/02/2026

    ТУРКМЕНИСТАН И ВСЕМИРНАЯ ТАМОЖЕННАЯ ОРГАНИЗАЦИЯ: НАДЁЖНОЕ ПАРТНЕРСТВО В ИНТЕРЕСАХ ГЛОБАЛЬНОЙ ТОРГОВЛИ
    Матч, вписавший золотые буквы в историю спорта и объединивший две культуры surady

    23/02/2026

    Матч, вписавший золотые буквы в историю спорта и объединивший две культуры
    DIPLOMATIÝA — YNAMYŇ WE PAÝHASYŇ BEÝIK SUNGATY surady

    20/02/2026

    DIPLOMATIÝA — YNAMYŇ WE PAÝHASYŇ BEÝIK SUNGATY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI