61
Üstünlikli geçen halkara ýaryş
Paýtagtymyzda üç günläp dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş özüniň çekeleşikliligi bilen tapawutlandy. Ýaryşyň jemlerine ser salsak, sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç — jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orna 4 altyn, 3 kümüş medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri mynasyp boldular. 1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň türgenleri bolsa üçünji orundan paýly boldular. Bu halkara ýaryşa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Biz hem ýaryşyň geçirilen ýerine baryp, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler bilen gürrüňdeş bolup, olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik.
Çaryhekim ÇARYÝEW,
küşt boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi:
―Küşt boýunça geçirilen halkara ýaryşda maňa 8 ýaşly oglanlaryň arasynda küştüň rapid hem-de blitz görnüşleri boýunça ýeňiş gazanyp, 2 altyn medala eýe bolmak miýesser etdi. Arkadag şäherinde Milli Liderimiziň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşurylanda, Gahryman Arkadagymyzyň biziň şatlygymyzy paýlaşyp, ýeneki ýeňişlere ruhlandyrýandygyna tüýs ýürekden buýsandyk. Bagtyýar çagalygyň mekanynda ýaşaýandygymyza diýseň buýsanýarys. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen okap, öwrenip, saýlap alan hünärlerimiziň hakyky eýesi bolmagymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Men hem birnäçe ýyl bäri doganym Halylmuhammet bilen Olimpiýa şäherçesindäki «Küşt älemi» merkezine gatnaýaryn. Ol ýerde maňa halypa küştçi Aşyr Aşyrow tälimçilik edýär. Mundan öň hem Günbatar Aziýa çempionatynda bürünç medal gazanyp, ýurdumyzda 7-8 hem-de 8-9 ýaşly türgenleriň arasynda yzygiderlilikde geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň çempiony boldum. Küşt boýunça geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji bolan türgenleriň ählisini tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Abdurahmon RAJABOW,
küşt boýunça halkara ýaryşyň ýeňijisi (Özbegistan Respublikasy):
—Küşt sporty bilen has kiçiligimden bäri meşgullanyp gelýärin. Özbegistanda geçirilen ýaryşlarda ençeme gezek altyn medallara, şeýle-de dünýä çempionatynda 3-nji orna mynasyp boldum. Türkmenistanda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryşa gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigine diýseň begenýärin. Türkmen doganlarymyzyň arasynda bolan günlerimizi hiç wagt ýadymdan çykarmaryn. Bu halkara ýaryşda 10 ýaşly oglanlaryň arasynda küştüň rapid hem-de blitz görnüşleri boýunça ýokary netijeler gazanyp, iki altyn medala mynasyp boldum. Ýaryşlar örän çekeleşikli geçdi. Maňa ata-enemiň, tälimçilerimiň ynamyny ödäp, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatmak bagtynyň miýesser edendigine buýsanýaryn. Türkmenistanly doganlarymyz bilen Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp bolup, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etmek has-da täsirli boldy. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Ýaryşyň ajaýyp wakalary, ýokary myhmansöýerlik bizi bu mekana örän tiz öwrenişdirdi. Men ýurdumyza dolanyp, özümde galan täsirler barada deň-duşlaryma gürrüň bermäge howlukýaryn.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti, 19.06.2025 ý.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/198004
Soňky täzelikler

20/06/2025
ВСЕМИРНЫЙ ДЕНЬ БЕЖЕНЦЕВ
19/06/2025
Dünýäniň dostluk Diýary
12/06/2025
“ÝAŞ ALYMY” BOLDUM BAGTLY DÖWLETIŇ