Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Onlaýn açyk sapak geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Üstünlikler dowamat dowam tapýar
    Üstünlikler dowamat dowam tapýar
    Üstünlikler dowamat dowam tapýar
    06/12/2023

    2042

    Üstünlikler dowamat dowam tapýar

    2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda zehinleri ýüze çykarmak, döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty babatynda bilimlerini artdyrmak maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary» atly düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri boýunça sylaglanma dabarasy geçirildi.
    Sanly ulgam arkaly 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine sagat 14:00-da institutyň resmi internet saýtynda datmddi.edu.tm düzmäniň temasy yglan edildi. Gatnaşyjylar berlen tema boýunça BMG-niň resmi dilleri bolan iňlis, ispan, fransuz, rus, arap ýa-da hytaý dilinde düzme ýazdylar. Düzme ýazmak we ony guramaçylyk toparynyň garamagyna ugratmak üçin gatnaşyjylara 180 minut (3 sagat) wagt berildi. Bäsleşigiň ýeňijileri düzmäniň mazmunyna, logiki yzygiderligine we talybyň öz pikirlerini daşary ýurt dilinde beýan etmek ukybyna berlen bahalara görä kesgitlenildi we Baş baýrak, I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy. Sylaglanma dabarasynda ýeňiji bolan talyplar prezentasiýalar we wideo şekiller bilen çykyş etdiler. Netijede, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Berdigylyç Ýazmyradow arzyly Baş baýraga, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Mähri Guzyçyýewa I orna, Myrat Maksadow bolsa III orna mynasyp boldy. Ýeri gelende belläp geçsek, bu bäsleşigiň geçen ýylky sanynda hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary dürli orunlar bilen bir hatarda Baş baýraga hem mynasyp bolupdylar. Şeýle üstünlikleriň dowamynyň dowamat bolýandygy institutymyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

    Mahym ANNADURDYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    04/12/2025

    «ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI
    MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE  MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR surady

    03/12/2025

    MERKEZI AZIÝA: DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE MERKEZINE ÖWRÜLÝÄR
    “HALKARA JEDELLERI PARAHATÇYLYK SERIŞDELER BILEN ÇÖZMEK” ATLY TEMA BOÝUNÇA WEBINAR GEÇIRILDI surady

    02/12/2025

    “HALKARA JEDELLERI PARAHATÇYLYK SERIŞDELER BILEN ÇÖZMEK” ATLY TEMA BOÝUNÇA WEBINAR GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI