Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ AÝDYŇ MYSALY
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ AÝDYŇ MYSALY surady
    13/10/2025

    1153

    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ AÝDYŇ MYSALY

    Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp bir kes», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg» diýlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, il-ýurt bähbitli tutumlaryň halk bilen maslahatlaşylmagy, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň geňeşilip çözülmegi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk maslahaty milli däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen, dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr. Parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, Türkmenistanyň Halk maslahatyny döretdik» diýip jaýdar belleýär.

    Häzirki wagtda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny, dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça degişli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda döwrebap obalardyr şäherler, bilim ojaklary, dürli kärhanalar açylyp ulanylmaga berilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde Bitaraplyk şäherçesiniň hem-de awtomobil köprüleriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly aladalaryň edilýändigini görkezýär.

    Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde halk bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde taryhy çözgütler kabul edildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynda bolsa Oguz han etrabynyň häkimlikleriniň döredilmegi hem ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşy barada döwlet derejesinde ägirt uly alada edilýändigini äşgär etdi.

    Mysallardan hem görnüşi ýaly, döwletliligiň we jebisligiň aýdyň mysaly bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagyna, raýat jemgyýetiniň berkarar edilmegine, raýatlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagyna, halk köpçüliginiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

    Halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


    Perhat MAHREMOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI