66
TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň energetika çygryndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösüşi» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy K. Mommadow Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň möhüm ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu ugur Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.
Sapagyň dowamynda energetika serişdeleriniň durnukly, howpsuz we köpugurly üstaşyr geçirilmegi boýunça Türkmenistan tarapyndan halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýeti nygtaldy.
Ylýas ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler