08/12/2025
78
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYk SYÝASATY BMG-NIŇ ULGAMYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilikli daşary-syýasy strategiýasy üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň sebit we halkara abraýy yzygiderli ösýär hem barha berkeýär. Türkmenistan häzirki wagtda 150-den gowrak döwletler we 50-den gowrak halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýola goýdy. Ine, şeýle guramalaryň biri hem Birleşen Milletler Guramasydyr.
2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli iki şanly sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilip geçilýär. Geçen döwrüň dowamynda BMG ýurtlaryň arasyndaky dialog üçin ýeke-täk möhüm meýdança bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy hem 30 ýylyň içinde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň wajyp guralyna öwrüldi. Halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoly alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ýolunda toplan tejribesi Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň 1992-nji ýylda geçirilen mejlisinde Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ugry hökmünde yglan eden wagtyndan gözbaş alýar. Munuň özi diňe bir milli gymmatlyk däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goldamagyň şerti hökmünde täze Bitaraplyk filosofiýasynyň döreýändiginiň beýany boldy. Ýurduň Bitaraplyk derejesiniň 1995-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde, Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitinde ýokary derejede ykrar edilmegi taryhy waka alyp barýan ýolda nobatdaky ädime öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň taryhynda ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Baş Assambleýanyň degişli Kararnama esasynda biragyzdan kabul eden çözgüdi, soňra bolsa 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji Kararnama bilen berkidildi. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz soňky ýyllarda birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ilerledýär.
Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek bilen, 2020-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamany öňe sürdi. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini, täsirlerini aradan aýyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça BMG-niň howandarlygyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat etjek Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Toparyň ilçiler derejesindäki ilkinji mejlisi 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Oňa gatnaşyjylar BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelere, şol sanda döwletleriň özygtyýarlylyk we deňlik, çäk bitewüligi, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, halkara gapma-garşylyklaryň parahatçylykly ýollar arkaly düzgünleşdirilmegini giňeltmek ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Ählumumy gün tertibiniň dürli ugurlary boýunça häzirki döwürde hereket edýän köpugurly düzümleriň oňyn tejribesini ulanmak bilen, Bitaraplygyň dostlary topary BMG-niň çäklerinde syýasy dialogy berkitmekde we parahatçylygy, howpsuzlygy goldamagyň ozal göz öňünde tutulmadyk gurallaryny işläp taýýarlamakda resmi däl birleşik hökmünde çykyş edýär. Toparyň yzygiderli geçirilýän duşuşyklary halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge ýardam edýän syýasy-diplomatik meýdança üçin möhüm binýady emele getirdi. Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlary toparyna 20-den gowrak döwlet agza bolup, oňa täze ýurtlar goşulýar.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl − Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine dünýä derejesindäki möhüm waka hem-de halkara gatnaşyklary hil taýdan täze tapgyra çykarmak üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş taglymaty durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Türkmenistan Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň kabul edilmeginde başlangyçly orny eýelän döwlet hökmünde onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýelemäge çalyşýar.
2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.
Biziň ýurdumyz syýasy ýa-da harby howpsuzlygyň, ykdysady, energetika, azyk hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini onuň uzak möhletleýin we doly derejeli bolmagynyň kepili hasaplaýar. Daşary syýasatda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden üýtgewsiz ugur alyp, halkara gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna berk ygrarlydyr.
Şöhle BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
10/12/2025
Hoşniýetli ýörelgeleriň beýany
06/12/2025
PARAHATLYK DILEGI