
30/11/-0001
742
Türkmenistan – Hytaý: gatnaşyklaryň strategiki derejesi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen bir hatarda, dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Şeýle döwletleriň biri-de, Türkmenistan bilen ilkinjileriň hatarynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasydyr. Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar uzap ýatan heňňamlardan, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, irki döwürde Gadymy Parfiýa döwleti bilen Hytaýyň arasynda söwda we beýleki ugurlarda gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Şeýle baý taryha eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklary häzirki wagtda hem giň gerim bilen dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary däbe öwrülen gatnaşyklary täze derejä çykardy.
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýola goýuldy. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga şert döretdi. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýokary derejeli wekiliýetleriň saparynyň yzygiderli guralmagy, ähli ugurlarda üstünlikli pikir we tejribe alşylmagy Türkmenistanyň we HHR-iň özara dostlukly gatnaşyklarynyň ýokary derejede bolmagyny şertlendirýär. Ýeri gelende belläp geçsek, 1991-nji ýylda Hytaý ilkinjileriň biri bolup Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar etdi.
2013-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 2021-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna» gol çekildi. Bu Maksatnama laýyklykda, iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlyk häzirki wagtda barha ilerlemek bilendir. Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy hem uludyr.
Dostlukly döwletleriň özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda ýangyç-energetika pudagy möhüm orny eýeleýär. 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri jemi 320 milliard kub metrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi. 2022-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 40 milliard kub metrden gowrak türkmen tebigy gazy eksport edildi. Hytaýyň 27 welaýatynda 500 milliondan gowrak halky türkmen tebigy gazyndan peýdalanýar. Türkmenistan Hytaýa 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda bahasy 8,23 milliard amerikan dollaryna barabar bolan tebigy gazy eksport etdi.
5–6-njy ýanwarda Arkadagly Serdarymyzyň Hytaýa amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň çäginde bar bolan mümkinçilikleriň täze gözýetimini açdy. Pekinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 16-syna gol çekildi. Sözümizi jemläp aýtsak, hormatly Prezidentimiziň Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikler, gazanylan ylalaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşli ýollarynyň binýadyny pugtalandyrdy.
Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.