18/02/2026
118
Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi asylly däbi mynasyp dowam etdirýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan dünýä giňişliginde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ynanyşmagyň belent nusgasyny görkezýär. Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni diňe bir hünär baýramçylygy bolman, eýsem, ýurdumyzyň halkara abraýynyň, alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň hem dabaralanýan günüdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2009-njy ýylda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň esaslandyrylmagy ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň aýdyň güwäsi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bu asylly däbi bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, türkmen diplomatlarynyň täze nesliniň kemala gelmegine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bolsa bu ugra berilýän ünsüň täze belentlige göterilmesidir.
Döwlet Baştutanymyz ajaýyp eserinde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ornuna ýokary baha berip: «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem öňdebaryjy ylmyň we bilimiň merkezi hökmünde ýurdumyzyň diplomatik ýörelgelerini halkara derejede amala aşyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär. Bu ýokary okuw mekdebi Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ukyply diplomatlary taýýarlamak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýär» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri institutymyzyň öňünde durýan wezipeleriň diňe bir jogapkärli däl, eýsem, mukaddesdiginiň we strategik taýdan ähmiýetlidiginiň hem aýdyň güwäsidir. Munuň özi biziň professor-mugallymlarymyzdan dünýäniň iň täze pedagogik usullaryny okuw işine ornaşdyrmagy, talyplardan bolsa halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap bilimleri özleşdirip, olary milli bähbitlerimiz bilen utgaşdyrmagy talap edýär. Bu belent ynam olary dünýäniň ylmy-diplomatik giňişliginde bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolmaga, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini ylmy taýdan esaslandyrmaga we dünýä dilleriniň, sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny täze belentliklere çykarmaga borçlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Ýylyň dowamynda geçirilen 100-e golaý halkara çäre, şol sanda dekabr aýynda Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda guralan ýokary derejeli halkara forum Türkmenistanyň ählumumy durnuklylyga goşýan ägirt uly goşandyny nobatdaky gezek tassyklady. Häzirki zaman dünýä syýasaty diňe bir döwletara gatnaşyklaryň nusgawy usullaryny däl, eýsem, ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň utgaşmasyny, çeýe diplomatik çemeleşmeleri hem talap edýär. Şoňa görä-de, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere götermäge ukyply, giň gözýetimli diplomatlary taýýarlamak boýunça özüne ynanylan möhüm wezipäni yzygiderli amala aşyrýar.
Halkara gatnaşyklar ulgamynda hünär ussatlygynyň iň esasy guraly bolan daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmek bilim ojagymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Institutymyzda dilleriň hünär aýratynlyklaryna laýyklykda, çuňňur ylmy esasda öwredilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk köprülerini has-da berkitmäge, dürli döwletler we halklar bilen özara düşünişmegi üpjün etmäge goşant goşjak hünärmenleri kemala getirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Halkara gatnaşyklar boýunça hünärmen milli diplomatiýanyň ýörelgelerini halkara derejede amala aşyrmaga, dürli sebitleriň wekiliýetleri bilen medeniýetli hem-de özara hormat goýmak esasynda gepleşikleri alyp barmaga ukyply bolmalydyr. Bu bolsa dilleriň köpdürlüligini we inçe öwrümlerini öwrenmegiň diplomatik etiketiň aýrylmaz bölegidigini görkezýär.
Häzirki döwürde dünýä diplomatiýasynda sanly ulgamyň we maglumat tehnologiýalarynyň orny barha artýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «öňdebaryjy ylmyň we bilimiň merkezi» diýlip atlandyrylýan bilim ojagymyzda sanly diplomatiýanyň esaslarynyň öwredilmegi, şeýle hem “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubunyň, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw, Strategik barlaglar boýunça ylmy, “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezleriniň hereket etmegi munuň aýdyň mysalydyr. Sanly platformalar arkaly Türkmenistanyň medeni gymmatlyklaryny, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny we ykdysady mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek ýaş hünärmenlerimiziň öňünde duran möhüm wezipedir. Sanly diplomatiýa diňe bir habar alyşmak däl, eýsem, ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmagyň hem guralydyr. Şoňa görä, biziň talyplarymyz döwrebap diplomatiýanyň bu netijeli gurallaryny ussatlyk bilen ulanmagy özleşdirip, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere göterilmegine, döwletimiziň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dabaralandyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşmalydyrlar.
Diplomat — bu öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we milli gymmatlyklaryny kalbynda göterýän hakyky watançydyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň özleşdirýän çuňňur bilimleri geljekde olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň belent münberlerinde, iri halkara maslahatlarda, möhüm gepleşiklerde ýurdumyzyň milli bähbitlerini gorap bilmekleri üçin ygtybarly çelgi bolar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmenistanyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak we halkara giňişlikdäki belent abraýyny has-da artdyrmak boýunça ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigine berk ynanýaryn» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ynamy tejribeli diplomatlarymyz, professor-mugallymlarymyz, talyplarymyz üçin diňe bir ruhy goldaw bolman, eýsem, uly jogapkärçilik hem mukaddes borçdur. Biz geljekki diplomatlarymyzyň hakyky watansöýüji, ýurdumyzyň bähbitlerini gorap bilýän, öz hünäriniň ussatlary bolup ýetişjekdiklerine berk ynanýarys hem-de bu maksatlaryň myrat tapmagy üçin ähli tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Çünki hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň binýady bolan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini mundan beýläk-de dabaralandyrmak, döwletimiziň ählumumy başlangyçlaryny dünýä ýaýmak biziň baş maksadymyzdyr.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň düýbüni tutan Gahryman Arkadagymyzy hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny täze belentliklere göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, milli diplomatik gullugyň ähli işgärlerini Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti - 18.02.2026 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/226440