Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Makalalar / TARYH BEÝIK IŞLER BILEN ÝAZYLÝAR
    TARYH BEÝIK IŞLER BILEN ÝAZYLÝAR surady
    25/10/2025

    798

    TARYH BEÝIK IŞLER BILEN ÝAZYLÝAR

    Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek dabarasyndan soňky oýlanmalar


    Halkymyzda gurmak, döretmek döwletlilik hasaplanýar. Diňe bir ýurt ähmiýetli däl, eýsem, parahatçylygy dörediji we abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän sebit möçberli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek ösen ykdysadyýetli ýurda mahsusdyr. Şu jähetden, 20-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşmagy, şeýle hem iri taslamanyň nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdi. Şol bir wagtda bu waka ýurdumyzyň geoykdysady mümkinçilikleriniň umumadamzat bähbidine gönükdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.


    ASYRYŇ TASLAMASY

    Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, bu ugurda eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzdaky «Galkynyş» käni bolsa gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Munuň özi energiýa bilen sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlaryň hem isleglerini kanagatlandyrmaga doly mümkinçiligiň bardygyny alamatlandyrýar. Şunda umumy uzynlygy 1 müň 821 kilometre barabar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi üçünji müňýyllygyň iň iri taslamalarynyň hataryndadyr. Ol türkmen gazyny dünýä boýunça ykdysadyýetiň ýokary derejede ösýän sebitleriniň birine — Günorta Aziýa akdyrmakda möhüm başlangyçdyr.

    Transmilli taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi hem bu taslamanyň möhüm bölegidir. Sebäbi ol iri taslamanyň goňşy ýurtdaky ilkinji tapgyrydyr. Gaz geçirijiniň uzynlygy 214 kilometre deň bolan türkmen böleginiň edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilendigini bolsa buýsançly bellemelidiris.

    Ýeri gelende, geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlendigini nygtamak gerek. Mundan başga-da, şol gün Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyny görkezýän täze desgalar ulanmaga berildi, möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna badalga berildi.


    «ÝAN GOŇŞYM — JAN GOŇŞYM»

    Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň martynda «Euronews» teleýaýlymyna beren interwýusynda Owganystan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada aýratyn durup geçdi. Şunda Milli Liderimiz: «Owgan halky — biziň goňşymyz. Biz bu halk bilen ýüzýyllyklaryň dowamynda ysnyşykly ýaşaýarys. Owganlaryň däp-dessurlary, ruhy we medeni gymmatlyklary bize has ýakyn. Türkmenler bilen owganlaryň uzak döwürlerden bäri dowam edip gelýän taryhy gatnaşyklary bar. Şoňa görä-de, Owganystanyň, ol ýerde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň üçin parhsyz däldir» diýip bellemegi hoşniýetliligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi.

    Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň sahawat ýoly, parahatçylyk dörediji ýörelgeleri belent ykrar tapýar. Halkymyz bu ýol bilen öňe gidip, uly üstünliklere, beýik ösüşlere eýe bolýar. Ol ýol bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Şunda hormatly Prezidentimiz tarapyndan transmilli taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Taslamanyň gurluşygynyň 200-den gowrak täze, häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

    Gahryman Arkadagymyz nobatdaky tapgyra badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisdäki çykyşynda: «Bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler. Şeýle hem bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar» diýip belledi. Munuň özi dünýä hakyndaky aladanyň, ilkinji nobatda, özüň, goňşyň hakyndaky aladadan, adamzat hakyndaky aladanyň bolsa adam hakyndaky aladadan başlanýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar.


    BIR DÜNÝÄ — BIR YKBAL

    Biziň ýaşaýan dünýämiz — adamzadyň umumy öýi. Diýmek, bitewi dünýämizde halklaryň hem ykbaly bir. Milli Liderimiz: «Halklar — bir jebis maşgala» diýip, bu hakykaty çeper söz bilen beýan edýär. Şunda haýyr işler bilen dünýä dahylly bolmak islendik döwletiňem, islendik halkyňam arzuwydyr. Bu babatda ata Watanymyzyň dünýä nusgalykdygy ykrar edilen hakykatdyr. Muňa iň ýakyn goňşymyz Owganystan bilen gatnaşyklarymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

    Türkmenistan owgan halkyna köp möçberde ynsanperwerlik kömegini berýär. Ýurdumyzda owgan talyplary okadylýar. Bu ýurtda öz serişdelerimiziň hasabyna durmuş maksatly desgalar gurulýar. Umuman, ata Watanymyz Türkmenistan Owganystanyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda alnyp barylýan ykdysady işlere, taslamalary amala aşyrmaga goşulmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasy hem ösüş arkaly parahatçylygy gazanmakda, halklary jebisleşdirmekde, halkara gatnaşyklaryň we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

    Şu ýerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biridigi hakda aýratyn durup geçmek isleýäris. Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasy bolsa bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynyň dowamynda bu iri taslamany goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


    * * *

    Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip belleýär. Elbetde, uly taryh pursatlardan düzülip, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen topragynda täze taryh ýazylýar. Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji ýurt, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde giňden tanalýan ata Watanymyz Türkmenistandan Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary bilen dünýä uzaýan dost-doganlyk köprüleri umumadamzat ähmiýetli işler bilen has-da berkidilýär.


    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».


    Çeşme: «Nesil» gazeti, 25.10.2025 ý.

    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/213037

    Soňky täzelikler

    GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ PARAHATLYK MUKAMY ÝER ÝÜZÜNE ÝAŇ SALÝAR surady

    15/01/2026

    GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ PARAHATLYK MUKAMY ÝER ÝÜZÜNE ÝAŇ SALÝAR
    Нерушимая дружба surady

    09/01/2026

    Нерушимая дружба
    Türkmen diplomatiýasy: baş ýörelge — abadançylyk we ösüş (Ýaş žurnalistiň sözi) surady

    06/01/2026

    Türkmen diplomatiýasy: baş ýörelge — abadançylyk we ösüş (Ýaş žurnalistiň sözi)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI