Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • YLYM-BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
        • HALKARA GATNAŞYKLARY ULGAMYNDA TÜRKMEN-ERMENI HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
        • GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменистан-Польша: сотрудничество ради мира и прогресса
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Makalalar / ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY — BEÝIK MENZILLERE BADALGA
    ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY — BEÝIK MENZILLERE BADALGA surady
    27/03/2026

    52

    ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY — BEÝIK MENZILLERE BADALGA

    Halkymyzda «Bal süýji, baldan-da bala» diýilýär. Her bir maşgalada täze perzendiň dünýä inmegi bilen, şol ojagyň bagtyýarlygy goşalanýar. «Buşluk» sözüni eşiden dost-ýarlaryň, dogan-garyndaşlaryň göwün guşy ganatlanýar. Şol begençli pursatlar «Perzendiňiziň adyna näme goýduňyz?!» diýen sözlere, «Adyna eýe bolsun!» diýen ýagşy arzuw-niýetlere sapyp gidýär. Halkymyz şöhratly taryhynyň islendik döwründe hem a:t goýmak meselesine aýratyn ähmiýet beripdir. Ene-atanyň perzendiň öňündäki iň esasy borçlarynyň biri, oňa mynasyp at bermegi hasap edilipdir. Munuň şeýledigine gadymy «Oguznama», «Gorkut ata» ýaly şadessanlarymyzy okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki döwrümizde bu biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz babatda-da şeýle. Şu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem halkymyzyň ýakyn dostuna, wepaly gardaşyna deňeýän behişdi bedewleriniň bady bilen ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýandygyny alamatlandyrýar.
    Behişdi bedewlerimiz — taryhy gymmatlygymyz
    Dünýäde her millet özüniň maddy we medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, beýik şahsyýetleri... bilen tanalýar. «Hytaý» diýeniňde Beýik Hytaý diwary, «Hindistan» diýeniňde meşhur hindi filmleri, «Müsür» diýeniňde taryhy piramidalar göz öňüne gelýän bolsa, «türkmen» diýeniňde hem beýik akyldar, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy, arşyň nepisligi türkmen halylary, wepaly alabaý itleri, jadyly senet — dutar bilen birlikde ady äleme dolan ahalteke bedewleri hakydaňda janlanýar.
    Asyrlarboýy türkmen halky ady rowaýata öwrülen atyny öz ýakyn dosty, syrdaşy hasaplapdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Älem içre at gezer» atly kitabynda: «Aba: Bedewe «mal», «haýwan» diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, bir-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş hem hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir» diýerdi» diýen jümleler bilen örän jaýdar belläp geçýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň islendik döwründe hem ony behişdi bedewleri bolmazdan asla göz öňüne getirmek mümkin däl. Söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň: «At gazanar goç ýigidiň // Owal bedew aty gerek» diýip belleýşi ýaly, her bir goç ýigidiň bedew aty onuň at-abraýy, buýsanjy bolupdyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly, taryhdan mysala ýüzlensek, Gadymy Marguşyň paýtagty bolan Goňurdepedäki gadymy aramgähden biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara degişli bolan taýçanagyň mazary ýüze çykaryldy. Bu bolsa halkymyzyň gadymy döwürlerde hem bedewlerini edil öz maşgala agzasy ýaly hormatlap ýerländiklerini aýdyň görkezýär.
    «Bedew atyň badynda ýol uzasyn dowama!»
    Milletimiz asyrlaryň dowamynda behişdi bedewlerine atlanyp, 70-den gowrak döwleti döredipdir. Dünýäniň dürli künjeklerinde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Bedew atlaryny döretmek bilen, türkmen halky adamzadyň ösüşlerine tizlik beripdir, adamzada ýene bir siwilizasiýa beripdir» diýip jaýdar belleýär.
    Taryhda Beýik Seljuk döwletiniň eýelik eden ýerlerinde atyň nalynyň asylyp goýulmagynyň däbe öwrülendigi mälimdir. Halkymyzda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem gadymy däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza uly sarpa goýulýar we mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gözel künjeginde bina edilen Akhan atynyň çarpaýa galyp duran heýkelini, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň kaşaň binalaryndaky atyň nalynyň şekilini synlanyňda, ata-babalarymyzdan gelýän türkmenleriň döwletlilik ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde hem dowamat-dowam bolýandygyna magat göz ýetirýärsiň.
    «At agynan ýerde toý bolar»
    Häzirki wagtda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, dürli ulgamlarynda dünýäni haýrana goýýan netijeler gazanylýar. Hususan-da, atşynaslyk sungatynyň ösdürilmegine, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna, olaryň şan-şöhratynyň has-da belende galdyrylmagyna döwlet derejesinde aýratyn uly ähmiýet berilýär. Türkmenleriň uçar ganaty — ahalteke bedewlerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan umumadamzat gymmatlygy hökmünde garalýar. Munuň şeýledigini «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi hem doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
    Bilşimiz ýaly, şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde guralan dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylymyzyň ilkinji günlerinde, ýurdumyzyň milli buýsanjy — «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan şeýle ýokary bahanyň berilmegi, «At agynan ýerde toý bolar» diýlişi ýaly, behişdi bedewleriň jenneti mekany bolan eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýändigini görkezýär. Goý, bizi baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, döwletimizi bedew bady bilen täze sepgitlere, belent ösüşlere, beýik menzillere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli ýollary dowamat-dowam bolsun!

    Yhlas HALLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
    «Esger».

    Çeşme: «Esger» gazeti, 26.03.2026ý.// https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/230482

    Soňky täzelikler

    НОВРУЗ – ПРАЗДНИК ОБНОВЛЕНИЯ И СИМВОЛ НАЦИОНАЛЬНОЙ ИДЕНТИЧНОСТИ surady

    24/03/2026

    НОВРУЗ – ПРАЗДНИК ОБНОВЛЕНИЯ И СИМВОЛ НАЦИОНАЛЬНОЙ ИДЕНТИЧНОСТИ
    Покоривший небо: технологический маяк в сердце Центральной Азии surady

    24/03/2026

    Покоривший небо: технологический маяк в сердце Центральной Азии
    HUSUSY PUDAGYŇ GUWANDYRYJY ÜSTÜNLIKLERI surady

    24/03/2026

    HUSUSY PUDAGYŇ GUWANDYRYJY ÜSTÜNLIKLERI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI