
03/06/2025
180
SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda Garaşsyz diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete
eýe bolýar. Adamlar üçin elýeterli bolan bu ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän
peýdalydygy bilen ähli ýaşdaky watandaşlarymyzyň ünsüni çekýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda
halkara we sebitara sport guramalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy
bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň
öňe sürýän başlangyçlary esasynda yzygiderli giňeldilýär. Ýurdumyzda
köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy, awtoulagsyz günüň geçirilmegi ýaly
çäreler jemgyýetimiziň aňynda we durmuşynda sagdyn-durmuş ýörelgesiniň we
ata-baba ynsanperwer däpleriň berk ornaşmagyna has-da ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary, öňdengörüjilikli içeri we
daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň sport abraýy barha belende galýar.
Ýurdumyzyň sport ulgamynda gysga döwürde amala aşyrylýan işler, gazanylan
ösüşler, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi we sportuň
giňişleýin wagyz edilmegi dünýä nusgalykdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň welosipedde gezelenç edip, lezzet almak üçin
welosiped medeniýetini döretmek we ösdürmek baradaky taglymaty ähli ýaşdaky
raýatlary jebisleşdirdi. Bu bolsa dostanalyk syýasatyny ýöredýän hormatly
Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň ýene-de bir ykrarnamasydyr.
Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti baryp 1894-nji ýylda döredildi.
Şondan bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Bu bolsa ýurdumyzda
sportuň bu görnüşini ösdürmegiň başyny başlady. Häzirki wagtda bir asyrdan
gowrak mundan öň ýola goýlan welosiped sportunyň däpleri täzeçe görnüşde
durmuşa ornaşdyrylýar.
Häzirki döwürde welosiped ekologiýa ulagynyň nyşany bolup durýar. Ony
adamzat eýýäm 200 ýyldan hem gowrak wagtdan bäri peýdalanyp gelýär,
welosiped daşky gurşawy aýawly goramaga hem-de saglygy berkitmäge ýardam
berýär. Iňlis ýazyjysy Gerbert Jorj Uells hem: «Haçan-da men welosiped sürýän
uly ýaşly ynsany görsem, adamzadyň geljeginden arkaýyn» diýip belläpdir.
«Welosiped» latyn sözi bolup, «velox»- «çalt», «pedis»-«aýak» diýen
sözleriň jeminden emele gelipdir. Adyndan belli bolşy ýaly, sportuň bu görnüşinde
aýagyň dyz we daban bölekleri has köp işjeňlikde bolýar. Welosport bilen
meşgullanmak adamyň gan aýlanşygynyň we öýkende amala aşýan dem alyş
hadysasynyň has-da gowulanmagyna, dürli keselleriň döremek howpunyň
azalmagyna öz täsirini ýetirýär. Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894-
nji ýylda döredilýär. Bu jemgyýetiň welosipedçileriniň ilkinji ýaryşy 1895-nji
ýylda geçirilipdir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji
aprelindäki 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy
bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edilýändigini
tassyklaýan Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň
2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 6-njy mejlisinde
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň
62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin
köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek»
atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylygy,
dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň
dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygynyň ykrarnamasy boldy.
Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi
bellemek asylly däbe öwrülip, ýokary derejede alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, dünýä halklarynyň eşretli we
ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen teklipleri bilen BMG-niň Baş
Assambleýasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky
Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyz Türkmenistanda sporty we
bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini
kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna
öwrüldi.
Welosiped sportunda ajaýyp görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy has-da
ýokarlanýar.
Welosiped sürmek ynsanlaryň bedeniniň berkemegine, çydamlylygyna, güýçli
bolmagyna getirýär. Welosiped sürmek bilen meşgullanýanlar uzak ýaşaýarlar.
Welosiped sürlende bedeniň we immunitetiň berkemegine uly mümkinçilikler
döreýär.
Türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman
bolmagyny arzuw edýäris.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy.