Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatlary bilen jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi
      • Halkara günler
        • 13-nji fewral — Bütindünýä radio güni
        • 10 ФЕВРАЛЯ – ВСЕМИРНЫЙ ДЕНЬ ЗЕРНОБОБОВЫХ
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ HASABAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Makalalar / Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine
    Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine surady
    18/02/2026

    134

    Parahatçylyk diplomatiýasy — umumadamzat bähbidine

    Häzirki zaman dünýäsinde halkara gatnaşyklar ulgamy diplomatiýanyň görnüşlerine, usullaryna we wezipelerine ep-esli derejede täsir edýär. Çünki diplomatiýanyň orny we parahatçylyk gurallarynyň netijeliligi dünýä syýasatynyň täsiri netijesinde barha özgerýär. Şunda diplomatiýanyň halklaryň arasynda köpri gurýan paýhasdygyna, döwletleriň arasynda ynam döredýän beýik sungatdygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiz bu sungaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi bilen utgaşdyryp, dünýä giňişliginde özboluşly diplomatik ýoluny kemala getirdi.
    Hoşniýetli diplomatiýa dünýä giňişliginde köp asyrlaryň dowamynda gazanylan taryhy tejribäni, ýagny diplomatiýanyň usullaryny, görnüşlerini we gurallaryny, şeýle hem parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini işjeň ulanýar. Şoňa görä-de, Milli Liderimiz: «Diplomatiýanyň wezipesi we manysy gepleşikleri geçirmekden, ylalaşygy gözlemekden, özara gatnaşyklaryň mäkäm köprülerini gurmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň tagallalary, ine, hut şu ugurlara gönükdirilendir» diýip belleýär. Her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçilmegi bolsa türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi.
    Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarynyň nazaryýetiniň we tejribesiniň ösmegine möhüm goşant goşmak bilen, bu ugurdaky başlangyçlaryny işjeň we ygtybarly dowam etdirýär. Şunda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi ata Watanymyzyň parahatçylykly ideýalara üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. Ýeri gelende, şeýle resminamanyň Milletler Bileleşiginiň taryhynda bitaraplyk bilen bagly kabul edilen henizem ýeke-täk halkara hukuk namasy bolup galýandygyny buýsançly bellemelidiris.
    Parahatçylyk — sazlaşykly ýaşaýyş. Türkmenistan döwletimiz özüniň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň dünýäde gyzgyn goldaw tapan «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini, «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýany öňe sürýär. Biz muňa geçen ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 12-nji dekabrda Aşgabatda guralan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň, şeýle hem ýurdumyzda geçirilen halkara maslahatlaryň we olaryň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle iri wakalar parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir.
    Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Bu kitap syýasatçylar, ylmy işgärler bilen birlikde, diplomatlar, geljekki halkaraçy hünärmenler, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylykly ösüş ýoly bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin gymmatly bolup, ol ýurdumyzyň alyp barýan köptaraply diplomatiýasyny we strategik garaýyşlaryny seljermekde ýokary ähmiýete eýedir. Bu neşirde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegi üçin biziň institutymyza möhüm ornuň degişlidigini buýsanç bilen belleýär. Munuň özi geljekki halkaraçy hünärmenleriň saýlan hünärine bolan söýgüsini, höwes-hyjuwyny has-da artdyrýar.
    Biz — mugallymlar kämil hünärli, ylym-bilimden ýüki ýetik, ýokary ahlakly, watansöýüji, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly nesilleri — milli diplomatiýamyzyň hünärmenlerini ýetişdirmekde mundan beýlägem yhlasymyzy gaýgyrmarys. Türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Hünär baýramyňyz gutly bolsun, türkmen diplomatlary!

    Begmyrat ATAÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Çeşme: «Nesil» gazeti, 17.02.2026 ý.//
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/226266

    Soňky täzelikler

    Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi asylly däbi mynasyp dowam etdirýär surady

    18/02/2026

    Türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi asylly däbi mynasyp dowam etdirýär
    PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY surady

    18/02/2026

    PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARASY
    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI surady

    17/02/2026

    18-NJI FEWRAL — TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI