14/12/2024
680
INSTITUTYMYZ ONLAÝN MASLAHATA GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň onlaýn arkaly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylym bölüminiň hünärmeni, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby we beýlekiler “Hakyda göwheri” atly kitabynyň gadyr-gymmaty, terbiýeçilik ähmiýeti, many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Onlaýn görnüşdäki geçen kitap tanyşdyrylyş dabarasy ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem kitap tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: ýaşlar syýasatynyň täze başlangyçlary we kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly» atly onlaýn maslahat duşuşygy bilen utgaşyp gitdi.
Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat Keriýew, Aşgabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiniň müdiri Hemra Aramedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Magsat Otuzow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy Umida Kakaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy Bezirgen Orazmämmedow dagylar çykyş edip, öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň täze başlangyçlary barada giňişleýin beýan etdiler.
Maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän we bilim alýan ýaşlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary, professor-mugallymlary onlaýn arkaly gatnaşdylar.
Şeker ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI