29/11/2024
239
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Öwezmyrat Bäşimow gatnaşdy. Okuw sapagyny Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Ýupar Egirjäýewa alyp bardy.
Sapagyň dowamynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Güljeren Ataýewa «Global ykdysadyýetiň gowy taraplary we ýetmezçilikleri» atly tema bilen çykyş edip, gatnaşyjylaryň soraglaryna giňişleýin jogap berdi.
Soňra Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Agahan Agahanow «Aşgabat howa menziliniň işini logistikanyň nukdaýnazaryndan guramagy öwrenmek», şol fakultetiň IV ýyl talyby Kerim Serdarow «Adamlaryň akyl zähmetiniň netijeleri» atly temalar bilen çykyş etdiler.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar, magistrantlar halypa mugallyma ýüzlenip, özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna giňişleýin jogap aldylar.
Wepa KARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI