27/03/2025
403
Nowruz baýramçylygy mynasybetli «Flowers – Decorate the Beauty» atly bäsleşik
2025-nji ýylyň 27-nji martynda Halkara Nowruz gününe bagyşlanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Güller – gözelligiň bezegi” atly diwar gazetleriň bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň EcoClub gurnagy tarapyndan guralyp, oňa institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I we II ýyl talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň şertine görä, fakultetlerden gatnaşýan toparlar öz taýýarlan diwar gazetlerine döredijilikli çemeleşip, bizi gurşap alýan dünýä bilen adamzadyň arabaglanyşygyny, dünýämize ideg etmegiň we daş-töwerek bilen sazlaşykly ýaşamagyň ähmiýetini, bahar paslyny, tebigatyň gözelliklerini çeper beýan etdiler.
Ses berişligiň netijelerine görä, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary ýeňiji boldular.
Bilbil BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI