01/04/2025
564
NOBATDAKY OKUW MASLAHAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmelerinde
indekslenýän žurnallarda makalalaryň çap edilmegini utgaşdyrmak boýunça
2025-nji ýyl üçin taýýarlanan Ýol kartasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa
geçirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň
gatnaşmagynda "Halkara indekslenýän žurnallarda çap etmek üçin ylmy
makalanyň gurluşyna bildirilýän talaplar" we "Halkara indeks platformalary we
olarda indeklsenýän žurnallarda makala çap etmegiň ähmiýeti" atly temalar
boýunça sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahata sanly ulgam arkaly
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda mugallymlaryň, hünärmenleriň halkara derejeli neşirlerde
makalalaryny çap etmegiň usullary, makalanyň taýýarlanylyşynyň ähmiýeti we
onuň dünýäniň ylym jemgyýetçiliginde möhümligi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI