Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy
    15/03/2024

    1336

    Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň nobatdaky halkara ykrarnamasy

    2024-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň Wenanyň Diplomatik Akademiýasynda Diplomatik okuwlar boýunça Halkara forumyna agza bolandygyny ykrar edýän Resmi hatyň gowşurylmagy mynasybetli tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10 — 12-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran gulluk iş sapary, geçirilen duşuşyklar ýokary netijeliligi bilen tapawutlandy. Gulluk iş saparynyň dowamynda Wenanyň Diplomatik Akademiýasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna Diplomatik okuwlar boýunça Halkara forumyna goşulmagy barada Resmi hat gowşuryldy.
    Ýeri gelende bellesek, milli diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň uçurymlary hökmünde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda zähmet çekýän ýaş diplomatlaryň birnäçesi Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň tomusky kurslarynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Hususan-da, olar «Halkara guramalarynyň çäklerinde gepleşikleri geçirmek», «Ýewropa we halkara gatnaşyklary» ugurlary boýunça bu ýerde bilimlerini kämilleşdirdiler. Olaryň tanyşdyryş maslahatynda geljekki kärdeşleri bolan ýaş diplomatlara beren gürrüňleri has-da täsirli boldy. Şeýle hem maslahatda çykyş eden milli diplomatik gullugyň wekilleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň geçen ýyllaryň dowamynda Wenanyň Diplomatik Akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplandygyny, ýokarda ady agzalan Halkara forumyň bolsa dünýä diplomatiýasynda gazanylan tejribeler, diplomatiýa ylmynda öňde duran wezipeler we özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan binýady bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler.
    Maglumat hökmünde belläp geçsek, bu Halkara forum 1972-nji ýylda döredilip, şondan bäri 56 döwletden ökde halkara hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri we akkreditlenen institutlar onuň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 85 sany ýokary okuw mekdebi bu Forumyň agzasy bolup durýar. Oňa goşulmak bilen, dünýäniň diplomatik ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliginiň döreýändigini hem bellemek gerek.
    Maslahatda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň nobatdaky bu ýokary üstünligi halkara gatnaşyklarda türkmen diplomatiýasynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyny, şeýle hem halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň geriminiň barha giňeýändigini alamatlandyrýar. Wenanyň Diplomatik Akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin Ýol kartasynyň taslamasy taýýarlandy. Çykyş edenler bu halkara ykrarnamanyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edip, parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyza hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

    Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI