20/03/2025
735
Meýletinçiler üçin okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere
taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meýletinçileri taýýarlamagyň okuw
maksatnamasyna laýyklykda okuw sapagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ýokary
okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň talyplaryndan saýlanan meýletinçiler sanly ulgam arkaly
gatnaşdylar.
Okuw sapagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy
O.Berdiýewa, Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy
L.Geldiýewa çykyş edip, meýletinçilik babatda öňde goýulan wezipeler,
meýletinçiligiň aýratynlyklary, ilkinji meýletinçilik hereketiniň ýüze çykyşy we
häzirki döwürde onuň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Okuw sapagy meýletinçi talyp ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge
we daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerini artdyrmaga ýardam etdi.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI