767
Meýletinçiler we ýaş wagyzçylar üçin okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meýletinçileri taýýarlamagyň okuw maksatnamasyna laýyklykda okuw sapagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryndan saýlanan meýletinçiler gatnaşdylar.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Ö. Muhammetberdiýew çykyş edip, diplomatiýa, diplomatik protokol we diplomatik etiket dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynyň dowamynda meýletinçi talyplar professora özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we gerekli jogaplary aldylar.
Okuw sapagy meýletinçi talyp ýaşlaryň diplomatiýa, diplomatik protokol we diplomatik etiket boýunça bilimlerini artdyrmaga ýardam etdi.
Bakyguly ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI