601
MEŞHUR ŞAHSYÝETLERIMIZE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHAT GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaş nesillerde Watançylygy, ynsanperwerligi terbiýelemekde, meşhur şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek, ýaş nesliň ylmy döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, olary ylma, döredijilige ugrukdyrmak maksady bilen Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagynyň guramagynda “Mäne Babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň durmuş we döredijilik ýolunyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti” atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlary hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Ylmy-döredijilik maslahatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistika fakultetiniň talyplary Gurbansähet Gurbansähedow, Aýşirin Döwletowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Muhammetnur Mahtumow dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Bilimler we talyp ýaşlar güni» hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirýän umumy sapaklaryndaky çykyşlaryň, ajaýyp kitaplarynyň many-mazmunyny we ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etmekdäki ähmiýeti dogrusynda belläp, taryhy şahsyýetlerimiziň we ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi miraslarynyň mysalynda, ylaýta-da, Mäne Babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň durmuş we döredijilik ýolunyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti barada ylmy maglumatlara esaslanýan täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamda ylym we döredijilik bilen gyzyklanýan talyplar özara pikir alyşdylar.
Geldimyrat TAGYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistika fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI