03/04/2025
170
Halkara çärä bagyşlanan maslahat
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň «Mekan» köşgünde «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň,
dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne dabaralanmasy» atly maslahat
geçirildi. Oňa beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bilelikde
türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlary we talyplary
gatnaşdylar. Çärede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen
«Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly
halkara maslahatyň geçirilmegi hem-de oňa daşary ýurtlardan ýokary derejeli
myhmanlaryň gatnaşmagy bilen bagly gürrüňler edildi. Maslahaty Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat
Ýusupowa alyp bardy. Şeýle-de, bu çärä daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky
diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri-de gatnaşdylar. Çykyşlar bilen utgaşyklykda
ösüşlerimizi, ajaýyp Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazlar sungat ussatlarymyz
tarapynadan ýerine ýetirildi. Söz sözlänler ýurdumyzda gazanylýan ösüşler,
öňegidişlikler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Olaryň arasynda diplomatlar
bir hatarda lukmanlaryň, mugallymlaryň, žurnalistleriň bolmagy, olaryň bu ýokary
derejede geçirilen halkara maslahatyň ähmiýeti dogrusynda öz pikirleri beýan
etmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu günki täsirliligi bilen tapawutlanan
maslahatda edilen çykyşlar, ýerine ýetirilen aýdymlar elçarpyşmalar bilen
garşylandy.
Mähri NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI