30/11/2024
997
Kitap okamak bäsleşigi geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş kitapsöýüjiler» gurnagy tarapyndan türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň kitapsöýüji talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen kitap okamak bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Oňa institutyň talyplarynyň 100-den gowragy gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» bölümi esasynda geçirilen kitap okamak bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda gatnaşyjy talyplar 50 sany test soragyna jogap berdiler. Nobatdaky kitap okamak bäsleşigi ýaşlaryň kitap okamak endigini ösdürmekde, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI