
173
INTERNET OLIMPIADASY ÜSTÜNLIKLERE BESLENDI
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan 2024-2025-nji okuw ýylynda “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti”, “Hünäri boýunça iňlis dili”, “Hytaý dili”, “Italýan dili” ýaly derslerden ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlarynyň arasynda halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bäsleşikde talyplar özleriniň saýlap alan ugurlary boýunça bäsleşdiler. Elbetde, bäsleşikler gaty çekeleşikli geçdi. Her ýokary okuw mekdebinden gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmedi.
Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar we baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” dersi boýunça institutyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Sumaýa Nuryýewa, Aýlar Nedirowa, Jumaniýazow Fazliddin, Şyhdurdy Şyhyýew, Myrat Amanow, Şatlyk Hemraýew, Hudaýberdi Rozykow, Hojamyrat Baýlyýew dagy III orna, şol fakultetiň talyplary Taňryguly Geldimämmedow, Şasenem Meýlisowa, Nurmuhammet Annamyradow, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Mähri Guzyçyýewa, Dawut Gezerow, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Kakageldi Akmyradow dagy II orna mynasyp boldular. Bäsleşikde baýrakly I orna bolsa Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Döwletmyrat Arazow we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Selbiniýaz Goçmyradowa dagy mynasyp boldular. 2025-nji ýylyň 2-nji apelinde ýeňiji bolan talyplar Diplom we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Talyplary bäsleşige taýýarlan we ýolbaşçylyk eden Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, müdiriň wezipesini ýerine ýetiriji Ogulgurban Sapargeldiýewna Ezimowa hem Diplom bilen sylaglandy.
Halkara olimpiada talyp ýaşlaryň zehinlerini açmakda, giň dünýägaraýyşly we öňdebaryjy ýaşlary terbiýelemekde, olary ylym we döredijilik işlerine işjeň gatnaşdyrmaga höweslendirmekde aýratyn ädim bolup hyzmat etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ata Watanymyzyň daşary syýasatyny ilerletmekde we ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, ata kesbini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Şyhurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.