Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Halkara tejribe — kämilligiň gözbaşy
    Halkara tejribe — kämilligiň gözbaşy surady
    25/11/2025

    964

    Halkara tejribe — kämilligiň gözbaşy

    Türkmen talyplary Saud Arabystany Patyşalygynda okuw saparynda boldular


    Ylym-bilim ulgamy döwletimiziň diňe bir içeri syýasatynda däl-de, eýsem, daşary syýasy gatnaşyklarynda hem iň bir ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenilýär. Munuň özi tebigy ýagdaý bolup, hiç bir ýurduň ösen milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ülňülerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Şoňa görä-de, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynda ylym-bilim ugurly gazanylýan ylalaşyklar, ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar häzirki wagtda hil taýdan täze derejelere çykýar. Şu nukdaýnazardan seredilende, 16 ― 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Şazada Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatik barlaglar institutynda okuw saparynda bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.

    Turuwbaşdan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatdan Saud Arabystanynyň Jidda şäherine göni howa gatnawynyň ýola goýlandygyny buýsançly bellemelidiris. Çünki häzirki wagtda Saud Arabystany Patyşalygy bilen däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz dürli ugurlarda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda barha işjeňleşýär. Şu gezekki okuw sapary hem degişli düzümleriň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

    Saud Arabystany Patyşalygynyň ozalky daşary işler ministriniň adyny göterýän bu bilim merkezi ýurduň paýtagty Er-Riýad şäherinde ýerleşip, ol 1979-njy ýylda esaslandyrylypdyr. Okuw saparynyň dowamynda bu bilim ojagynyň taryhy barada bize giňişleýin maglumat berildi. Şunda Diplomatik barlaglar institutynda alnyp barylýan işler bilen hem ýakyndan tanyşdyk.

    Okuw saparynyň dowamynda Diplomatik barlaglar institutynyň wekilleri 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bolan günlerini çuňňur hoşallyk bilen ýatlaýandyklaryny, türkmen myhmansöýerliginiň özlerinde ýakymly täsirleri galdyrandygyny bellediler. Aýratyn hem, institutda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ýaş diplomatlary taýýarlamakda möhüm platforma bolup durýandygyny nygtadylar.

    Ýeri gelende bellesek, institutymyzda BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan arap dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde okadylýar. Hut şu dilde dini we taryhy çeşmeleriň örän köpdügi sebäpli men hem bu dili saýladym. Okuw saparynyň dowamynda dostlukly döwletiň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler arkaly bu dilde öwrenen bilimlerimizi has-da berkitdik. Şunda institutyň mugallymy Ahmed Al-Faýez Saud Arabystany Patyşalygynyň Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary barada gürrüň berdi. Doktor Haled Ibrahim Al-Aliniň geçen sapagy bolsa Saud Arabystanynyň döwlet maksatnamalary, ykdysady we medeni syýasaty bilen bagly alnyp barylýan işler hakyndaky düşünjelerimizi artdyrmakda ähmiýetli boldy. Ýurduň «Vision 2030» atly maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary, ykdysadyýetde, bilimde, tehnologiýalarda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler baradaky söhbetler hem bizde aýratyn gyzyklanma döretdi. Diplomatik barlaglar institutynyň mugallymy Leýla Al-Zahraniniň Saud Arabystany Patyşalygynyň syýahatçylygyna we medeni aýratynlygyna degişli geçen okuw sapagy özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Okuw sapaklaryna işjeň gatnaşandygymyz üçin bize degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

    Talyplyk ýyllarymyzda daşary ýurtlarda bolup, halkara tejribeleri özleşdirmegimiz üçin giň şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň biz ― ýaşlara bildirýän uly ynamynyň netijesidir. Bu okuw saparynyň üsti bilen ilkinji gezek daşary ýurtda bolmagymyz, aýratyn hem, musulman dünýäsiniň iň keramatly topragyna, şol sanda mukaddes Mekge şäherine gadam basmagymyz bütin ömrümize ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Saparymyzyň çäklerinde «Al-Masmak» muzeýine, «Boulevard Riyadh» dynç alyş seýilgähine, Imam Turki bin Abdullah metjidine hem gezelençler guraldy.

    Döwletleriň arasynda ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, biz — talyp ýaşlaryň dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň öňdebaryjy tejribelerini giňden öwrenmegimiz, saýlap alan hünärimiz boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegimiz ugrunda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.


    Kakageldi AKMYRADOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.


    Çeşme: «Nesil» gazeti, 25.11.2025 ý.

    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/216558

    Soňky täzelikler

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI