20/03/2025
775
Halkara maslahata bagyşlanylan «tegelek stol»
2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda paýtagtymyzdaky Söwda--senagat edarasynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata bagyşlanan «tegelek-stol» gepleşigi guraldy. Oňa «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Gepleşigiň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, sebit abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri dogrusynda belläp geçdiler. Bellenilişi ýaly, geçirilen forum halkara ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Halkara maslahat Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoş¬niýetli gatnaşyklaryň has¬-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-¬energetika, üstaşyr-ulag, üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-¬de oňa maýa goýumlary çekmäge giň mümkinçilik döretdi. «Tegelek stol» gepleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ösüşi, dünýäniň ählumumy abadançylygy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI