Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigi
    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti»  atly III halkara bäsleşigi surady
    09/03/2026

    113

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigi

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigini geçirmegiň
    DÜZGÜNNAMASY
    1. Umumy düzgünler
    1.1. Şu Düzgünnama «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigini (şu ýerden beýläk «Bäsleşik») guramagyň we geçirmegiň esasy düzgünlerini we tertibini kesgitleýär.
    1.2. Geçirilýän bäsleşigiň esasy jogapkär guramaçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu çäreleri geçirmekde maslahatçylar we ýardamçylar bolup durýarlar.
    1.3. Bäsleşigiň iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.
    2. Bäsleşigiň maksatlary we wezipeleri
    2.1. Geçiriljek bäsleşigiň esasy maksatlary:
    * Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli ugurlaryny we görnüşlerini, bu babatda ýurdumyzyň ylym-bilim jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmek boýunça çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak;
    * Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryndan Ýokary hilli bilim we Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk maksatlaryna ýetmek üçin işleri amala aşyrmak;
    * Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyga esaslanan daşary-syýasy strategiýasynyň hem-de diplomatiýasynyň sebit hyzmatdaşlygyna, şeýle-de has giň çäklerdäki halkara gatnaşyklarynyň oňyn ösmegine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak;
    * Halkara gatnaşyklary, daşary syýasat we diplomatiýa çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem-de bu babatda täze çemeleşmeleri seljermek.
    2.2. Geçiriljek bäsleşigiň esasy wezipeleri:
    * Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda”, “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda” we döwlet derejesinde kabul edilen beýleki degişli resminamalarda ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri amala aşyrmagy dowam etmek;
    * Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny hem-de onuň parahatçylygy dörediji kuwwatyny, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny, “Dialog – parahatçylygyň kepili” filosofiýasyndan gelip çykýan beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelerini ylmy-amaly we syýasy-diplomatik tejribe nukdaýnazaryndan beýan etmek;
    * ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-akademiki merkezleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek;

    * ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, okuw-önümçilik tejribeligini alyşmaga ýardam bermek.

    3. Bäsleşigiň guramaçylyk işleri

    3.1. Bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

    3.2. Guramaçylyk topary:

    * bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär;

    * bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar;

    * bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitleýär;*

    ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen maslahaty geçirmek boýunça işleri alyp barýar;

    * daşary ýurtdan gelen gatnaşyjylaryň şäherdäki myhmanhanalarda bolmaklary, iýmit, ulag bilen üpjün edilmegini gurnaýar;

    * daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çärelerini gurnaýar;

    * ähli beýleki ýüze çykýan meselelere seredýär.

    4. Halkara bäsleşigini geçirmek boýunça düzgünler

    4.1. Halkara bäsleşigine ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrantlary gatnaşyp biler. Her ýokary okuw mekdebinden gatnaşyjylaryň sany 1-5 aralygynda bolup biler. Ol gatnaşyjylara 1 mugallym ýa-da hünärmen ýolbaşçylyk edýär. Zerur bolanda gatnaşyjylar ýolbaşçysyz hem bäsleşige gatnaşyp bilerler.

    Bäsleşige gatnaşmak üçin ýokary okuw mekdebiniň sargydy 1-nji Goşundyda berilýär.

    4.2. Bäsleşik halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlaryndan okadylýan köpsanly dersleriň soraglaryndan we häzirkizaman halkara gatnaşyklarynyň giň spektri boýunça meseleleriniň soraglaryndan düzülen 100 soragdan ybarat teste jogap bermek görnüşinde geçiriler. Ol test syýasy, taryhy, medeni, takyk ugurlardaky dersleriň materiallaryndan, halkara guramalary, halkara we döwletara gatnaşyklary, durnukly ösüş maksatlary, halkara dialogy, ekologiýa, klimatyň üýtgemegi ýaly halkara meselelerine bagyşlanan soraglardan we ş.m. düzüler. Bäsleşigiň soraglaryny düzmek, saýlap almak hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.

    4.3. Bäsleşigi geçirmegiň Eminler toparynyň düzümi we onuň ýolbaşçysy Guramaçylyk toparynyň hödürlemegi arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. Eminler toparyna ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ylym we bilim edaralarynyň wekilleri girizilip bilner. Eminler topary Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitleýär, ýüze çykýan meselelere we arz-şikaýatlara seredýär.

    4.4. Bäsleşigi geçirmegiň tehniki işlerini amala aşyrmak we düzgün-tertibe seretmek üçin Mandat topary döredilýär. Ol toparyň düzümi Guramaçylyk toparynyň hödürlemegi arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

    4.5. Bäsleşigiň ýeňijileri altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar. Ýeňijileriň sany we gowşurylýan medallaryň özara gatnaşygy Guramaçylyk topary tarapyndan kesgitlenilýär.

    5. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar üçin medeni çäreleriň, maslahatyň we bäsleşigiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmegi

    5.1. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar üçin resmi açylyş we sylaglanyş dabaralary geçiriler.

    5.2. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar üçin gezelençler we tanyşdyryşlar gurnalar.

    5.3. Halkara bäsleşigi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we internet çeşmelerinde giňden beýan ediler.

    6. Çäreleri geçirmegiň maliýeleşdirilişi

    6.1. Çärelere daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistana gelmek we gitmek bilen baglanyşykly ýol harajatlaryny özleri dolulygyna çekýärler.

    6.2. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň serhedinden Aşgabat şäherine çenli we yzyna ýol harajatlaryny, çäreleriň dowamynda ýaşaýyş, iýmit, ulag harajatlaryny, ýeňijilere diplomlar, hormat hatlar, gatnaşyk şahadatnamalar bermek bilen baglanyşykly harajatlary, ýeňijileri we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak üçin harajatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty öz hasabyna üpjün edýär.

    6.3. Şu Düzgünnamada göz öňünde tutulmadyk çykdajylar üçin jogapkärçiligi daşary ýurtly gatnaşyjylaryň özleri çekýärler.

    7. Habarlaşmak üçin maglumatlar

    7.1. Çärelere gatnaşmak, guramaçylyk meseleleri, dürli beýleki meseleler boýunça ýüz tutmak üçin salgylar:

    1. Akmuradow Rahym, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy, +99364131313, rahimakmuradov7@gmail.com


    Goşundy 1.

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin sargyt.


    Ýokary okuw mekdebiniň ady
    Ýurt
    Toparyň ýolbaşçysy:
    Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
    Alymlyk derejesi we alymlyk ady
    Wezipesi
    T-köýnegiň ölçegi
    Elektron poçta
    Habarlaşmak üçin telefon belgisi
    Bäsleşige gatnaşyjy 1
    Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
    Okaýan fakulteti, ugry
    Okaýan hünäri
    Okuw ýyly
    T-köýnegiň ölçegi
    Bäsleşige gatnaşyjy 2
    Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
    Okaýan fakulteti, ugry
    Okaýan hünäri
    Okuw ýyly
    T-köýnegiň ölçegi 
    Bäsleşige gatnaşyjy 3
    Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
    Okaýan fakulteti, ugry
    Okaýan hünäri
    Okuw ýyly
    T-köýnegiň ölçegi
    Bäsleşige gatnaşyjy 4
    Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
    Okaýan fakulteti, ugry
    Okaýan hünäri
    Okuw ýyly
    T-köýnegiň ölçegi
    Bäsleşige gatnaşyjy 5
    Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
    Okaýan fakulteti, ugry
    Okaýan hünäri
    Okuw ýyly
    T-köýnegiň ölçegi


    Soňky täzelikler

    «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly  maslahaty surady

    09/03/2026

    «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahaty
    Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik surady

    06/03/2026

    Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik
    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly  DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY surady

    27/02/2026

    «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ DÜZGÜNNAMASY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI